Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň edara binasynyň mejlisler jaýynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşli ýollar bilen bagtyýar geljege” atly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, ýolulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde, häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň teklipleriniň öwrenilmeginiň möhümdigi barada aýdanlary ýaşlarymyzyň mynasyp hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin edilýän bimöçber aladanyň beýany boldy. “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin! Owadan şäherleri gurduryp, ýurdumyzy jenneti mekana öwürýän, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
TSTP