Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GARAŞSYZLYK WE BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ ÖSÜŞIŇ HEM-DE ABADANÇYLYGYŇ MUKADDES BINÝADY

    Türkmenistanyň...

  • HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY WE BAGTYÝAR DURMUŞY – DÖWLET SYÝASATYNYŇ BAŞ MAKSADY

    Türkmenistanyň...

  • DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIZEMEZLIGIŇ BERK BINÝADY

    Ýakynda...

  • ÝAŞLAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

    Şu gün...

  • HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞYNY ÜPJÜN ETMÄGE GÖNÜKDIRILEN GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELER

    Türkmenistanyň...

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARLY-MEŞHUR TÜRKMEN DANASY MAGTYMGULY PYRAGY

Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkeziniň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarly-meşhur türkmen danasy Magtymguly Pyragy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şanly wakalar biri-birine ulaşyp, olar halkymyzyň dana şahyra goýýan hormat-sarpasynyň uludygyny görkezýär. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagyny şolaryň iň esasylarynyň biri hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris. «Ussat şahyryň çuňňur parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar» diýip, hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda eden taryhy çykyşynda aýratyn nygtap aýtdy.

Parasatly pikirleri bilen tutuş adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyran dana şahyrymyzyň belent heýkelini synlanyňda, şeýle beýik ynsany dünýä beren halkyň wekilidigiňe buýsanjyň artýar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum Magtymguly Pyraga bolan söýgi-buýsanjymyzy täze belentliklere göterdi. Şahyryň edebi döredijiligini giňden wagyz etmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu taryhy waka Magtymguly Pyragynyň umumadamzadyň şahyry hökmünde älem içre belent ykrarnama eýediginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  hakymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirýän beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini we ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP