Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik – syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir

2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  “Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik – syýasy gurluşyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir” atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur-baýramlara baý ýurtlaryň hatarynda tanalýan döwletdir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günleri syýasy, taryhy wakalardan başlandy. Ahal ýaýlasynda Arkadag şäheriniň gurulmagy,   21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi, şol mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy we Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde kanun tarapyndan ykrar edilmegi il-günümizi  çäksiz buýsanja besledi diýip aýtdylar. Maslahata gatnaşanlar “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” gadamlar batly Milli Liderimiziň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP