Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Mätäje kömek bermek, haýyr-sahawat etmek, ata-babalarymyzdan gelýän ýol ýörelgedir

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda  Hormatly Arkadagymyzyň Howandarlyga  mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşinde geçiren mejlisinde gelip çykan wezipelerden ugur alyp “Mätäje kömek bermek, haýyr-sahawat etmek, ata-babalarymyzdan gelýän ýol ýörelgedir” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhynda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns berýändigi, uly buýsanç bilen bellediler.

TSTP