2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 6-syna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadagly Watan – türkmeniň bagty” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi, munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň taryhy we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýär diýip çykyşlarda belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda parahatçylygyň hem-de ösüşiň täze ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, alyp barýan dünýä adamzat bähbitli işlerinde uly rowaçlyklaryň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
TSTP