Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmek maksady bilen çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda telekeçilikde bilimiň we tejribäniň uly orny bardygyny, maliýe sowatlygynyň zerurdygyny, ediljek işleriň hökmany ýagdaýda meýilnama bilen ýerine ýetirmelidigi nygtaldy. Işewürlik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin birnäçe maslahatlar berildi.
Çäräniň ahyrynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimize şeýle ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýtdylar.
TSTP