Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Ýaşlary telekeçilige çekmäge bagyşlanan maslahat

2021-nji ýylyň 16-nji iýunynda  Türkmenistanyň Daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlary telekeçilige giňden çekmek meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

 Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy telekeçi Dagdan Sözenow “Telekeçilik ulgamynda iş etikasy (özüňi bilmek we başgalary tanamak” atly tema boýunça çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň telekeçilige giňden çekilýändigini, işewürligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap geçdiler.

 Maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, brifing maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.

 Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP