Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Halal baýamak sogaply ýörelge!

2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Syýahat” myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda ýurdumyzda telekeçilik işini alyp barýan ýuridiki şahslaryň arasynda korrupsiýa alamatlarynyň ýüze çykarmagynyň öňüni almak maksady bilen, “Halal baýamak sogaply ýörelge” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda «Korrup­si­ýa gar­şy he­re­ket et­mek ha­kyn­da» Türkmenistanyň Kanunynyň maddalary boýunça düşündiriş işleri geçirildi. Çykyşlaryň dowamynda arassa, halal zähmet çekmek, mähriban ýurdumyzyň ösüşlerine şahsy goşant goşmak, eşretleriň hözirini görüp, bolelin ýaşamak üçin döredip berýän şertleri üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

TSTP