Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

Halal baýamak sogaply ýörelge!

2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda “Hezzet” hojalyk jemgyýetiniň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen bilelikde gurnamagynda ýurdumyzda telekeçilik işini alyp barýan ýuridiki şahslaryň arasynda korrupsiýa alamatlarynyň ýüze çykarmagynyň öňüni almak maksady bilen, “Halal baýamak sogaply ýörelge” atly maslahat geçirildi.

 Çy­kyş eden­ler gul­luk­çy­­nyň eti­ka­sy we gul­luk­da özüni alyp bar­şy ba­ra­da giňişleýin gür­rüň etdi­ler. Ha­lal zäh­met çe­kip, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp goşant goş­ma­ly­dykla­ry­ny bel­le­di­ler. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da «Kor­rup­si­ýa gar­şy here­ket et­mek ha­kynda» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň aý­ry-aý­ry mad­da­la­ry­na düşün­di­riş be­ril­di.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Gah­ry­man Ar­kada­gy­my­za aras­sa, ha­lal zäh­met çek­mek, mäh­ri­ban ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­mak üçin dö­re­dip ber­ýän äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri üçin al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.

TSTP