Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

GARAŞSYZ BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN – BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK WATANY!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komiteti tarapyndan «Görelde» söwda merkezinde «Garaşsyz Baky  Bitarap Türkmenistan – Bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar türkmen döwleti özüniň häzirki döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny uly dabara bilen belledik. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy we degişli çözgütleriň kabul edilmegi kalbymyzy buýsançdan doldurdy. 

Parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda möhüm orun tutýan adalgalardyr, gymmatlyklardyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk we ynanyşmak sözlerine çuň many-mazmuny özünde jemleýän adalgalar hökmünde garapdyr. Munuň şeýledigini,  2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegidir. Bu bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň merkezi hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrýar. 

Goý, bu işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP