Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI PYRAGY

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp “Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bina bolan türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy taryhy pursatlara öwrülip, her birimiziň kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Özüniň çuňňur manyly dürdäne şygyrlary bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan, halkyň çäksiz sylagyna, hormatyna eýe bolan Magtymguly Pyragy ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry hasaplanýar. Onuň ýadygär galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy dünýäsine şamçyrag bolup şöhle saçýar.

Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. 

Goý, olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun. 

TSTP