Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlygyna girişen ilkinji günlerinde ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir etjek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygynyň ýokary depginler bilen alnyp baryljakdygyny, bu babatda hususy pudak üçin hem döwletimiziň ähli şertleri döredýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
19-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanda şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmegiň meýilleşdirilýändigi, ýanwar — aprel aýlarynda düýpli maýa goýumlary özleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň 59 göteriminiň durmuş maksatly binalaryň, 41 göteriminiň önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirilendigi bu aýdylanlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Gurluşyk toplumy ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag we durmuş düzümini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri, eksport ugurly harytlary öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Ägirt uly gurluşyk meýdanyny ýatladýan ýurdumyzyň sebitleri, paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerýär. Öňdebaryjy tejribeleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly gurluşyk pudagynyň ähli ulgamynda sanly ulgam, «akylly» enjamlar ornaşdyrylýar, energiýa tygşytlylyk ýokarlandyrylýar, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk harytlary ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz 20-nji maýda dikuçarda paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanşanda hem bu meselelere aýratyn üns berdi. Ýurdumyzyň senagatçylarydyr telekeçileri Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde, ak mermerli Aşgabadyň çäginde, Diýarymyzyň sebitlerinde giň gerimli gurluşyk işlerini depginli alyp barýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Ony iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilip, birinji tapgyrda 336 sany binadyr desgalar gurulýar. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary desgasy bolup, olaryň gurluşygynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň 60-dan gowragy işleýär. Gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan döwründe potratçylaryň we kömekçi potratçylaryň gümrük paçlaryny, birža we gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadylandygy aýratyn guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem-de ak mermerli Aşgabatda özboluşly şäher gurşawynyň döredilýändigini, bu ugurda degişli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň gurluşygyny dowam etmegiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekýär. Şunda ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklarynyň nazara alynmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hususyýetçilere bildirýän ynamy, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini we döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýeti bolan taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, döwrebap senagat we ulag düzümini döretmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini bellemegi geljekde hem yhlasly işlemäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň peýda bolmagy paýtagtymyzyň ekologik abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertler bolup durýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz ýurdumyz, mähriban halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň rowana ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Hususy telekeçiligi ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berilýär. Muňa salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, telekeçilik işini hasaba almagyň we ygtyýarlylandyrmagyň tertibiniň sadalaşdyrylmagy, yzygiderli ýeňillikli karzlaryň, maliýe goldawlarynyň berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle beýik maksatlary öňde goýup, halkyny aýdyň geljege tarap öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.