Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

Dünýä ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Umumadamzat bähbitli meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga, olary durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürmek, sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da artdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzünde Diýarymyzda bolup geçen taryhy wakalardyr gelip gowşan hoş habarlar bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň merkezi hökmünde ykrar edilen hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty halkara sammitlerdir forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. 11-nji oktýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi hem bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz forumda eden çuň manyly çykyşynda: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi» diýip bellemek bilen, beýik akyldaryň pelsepewi pikirlere eýlenen edebi mirasynyň halkara ähmiýetine üns çekdi. Bu forumda çykyş eden belent mertebeli myhmanlaryň hem Magtymguly Pyragynyň manyly ömrüniň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrandygyny, döredijiliginiň bolsa dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrandygyny biragyzdan tassyklamaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Halkara forumda öňe sürlen teklipler halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşar.

Bu günki gün berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmäge, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly hyzmatdaşlygy, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirýär. Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habaryň halkymyza ýetirilmegi Watanymyzyň tagallalarynyň halkara giňişlikde gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Taryhy ähmiýetli Kararnama häzirki we geljekki asudalygymyzyň, parahatçylygymyzyň, milli we ählumumy howpsuzlygymyzyň üpjün edilmegini ileri tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolup galýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, dünýä ýurtlary, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa sebiti bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy berkidýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilen iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, şeýle hem «Merkezi Aziýa+» görnüşindäki meýdançanyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge ýardam edýär. «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa sebitde möhüm orna eýe bolan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategik we netijeli häsiýetini şöhlelendirýär.

Sultan ATAKIŞIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.