Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DOSTLUGYŇ, ABADANÇYLYGYŇ, PARAHATÇYLYGYŇ NYŞANY

07.11.2024ý

Türkmenistanyň sport babatdaky başlangyçlarynyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygyna welosiped sportuny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar hem kepil geçýär. Türkmenistanyň 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy hem şol goldawyň we belent ynamyň nyşanydyr. 

Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy ösdürmegiň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýän ýurdumyzyň 2015-nji ýylda 1981-nji ýylda kabul edilen Olimpiýa nyşanyny goramak hakynda Naýrobi şertnamasyna goşulmagyny, 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda Beýannamanyň kabul edilmegini hem sport diplomatiýamyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi hökmünde buýsanç bilen görkezip bolar. 

Ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň rowaçlanmagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletleriň, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny sportuň üsti bilen has-da berkitmek babatdaky beýik işleriniň üstünliklere beslenýändiginiň kepilidir.

Bu ajaýyp hakykata mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň şatlyk-şowhunly dabaralarynyň biri-birine ulaşan günlerinde ýene bir ýola aýdyň göz ýetirmek boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýurdumyzyň abraýyny arşa göterýän şanly wakalarynyň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegini görkezmek her birimiz üçin örän buýsançlydyr. Ýurdumyzyň bu başlangyjyny dünýäniň 87 döwletiniň goldamagy bolsa döwletimiziň sport diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligi bolup dabaralandy.

Beýik işleri amala aşyryp, Watanymyzyň dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegini gazanan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Täze Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, dost-doganlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilýän ägirt uly işleri makullaýandygynyň hem-de goldaýandygynyň güwäsidir». 

2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi, bu çärede ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gowy netije gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimizi gazanan sport üstünlikleri bilen gutlamagy, olara mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy teklip etdi. 

Ine, döwlet Baştutanymyzyň şol teklibinden ugur alnyp, geçen hepdäniň şenbe gününde ýaýbaňlanan giň gerimli çäreler ýurdumyzy sport baýramçylygyna besledi. 

Türkmeniň täze taryhyna altyn harplarda ýazylan şol günde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Saglyk ýolundan halk köpçüligi bilen bilelikde geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan dine halky bilen Watandyr! Döwlet dine halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyny aýan etmek bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda ýurdumyzyň her bir raýatyna nusgalyk görelde bolup  durýandygynam bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş tamamlanandan soňra, halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerine we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy olara döwletimiz tarapyndan aýratyn uly hormat-sarpa goýulýandygynyň, ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

«Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly ýolbaşçylygynda gözel paýtagty «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilen Türkmenistan Watanymyzyň halkara sport abraýy täze belentliklere göterilýär. Bu bolsa biziň her birimizi buýsandyrýan we guwandyrýan wakadyr.

Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun! 

Täzegül Baýlyýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.