Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen dabaralanýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwançly wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstümizdäki ýylyň taryhy wakasy boldy.
Garaşsyz döwletimizde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halk köpçüliginiň wekilleri bilen maslahatlaşmak hem-de oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek gadymy halkymyzyň asylly däpleriniň biri. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ýokarda ýatlanan asylly ýörelgäniň dowamat bolýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi we mejlise gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galýar. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygyny nygtap geçdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, ykdysady ösüşiň depginini ýokarlandyrmak bilen bagly öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň dürli ugurlarda degerli işleri alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde ýokary netijeleri gazanýandyklaryny belläp geçdi. Telekeçileriň bäsleşige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde uly paýlarynyň bardygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň tutumly tagallalaryna berlen ýokary baha we uly ynam bolup durýar. Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda nygtaýşy ýaly, geljekde-de kiçi orta we iri telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini nygtamagy ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam döredýär.
Häzirki wagtda mejlisde kabul edilen çözgütleri telekeçilerimize düşündirmekde partiýamyzyň welaýat komiteti tarapyndan wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Olaryň maksady bolsa, telekeçilerimizi öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge jemlemekden ybaratdyr. Şu maksada eýermek bilen welaýat komitetimizde ýokarda agzalan mesele bilen bagly ýörite meýilnama düzülip, welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda degerli işleri geçirýäris. Şol çärelerde biz telekeçilerimiziň ünsüni hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiligi ösdürmeklige uly üns berip, bu babatda tutumly işlere badalga berýändigini nygtaýarys.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň guwançly wakasy bolmak bilen, onda il-ýurt bähbitli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazanylan üstünliklere seljerme berlip, abadan geljegimiziň wezipeleri kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bagtyýar türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän birnäçe kararlaryň we çözgütleriň kabul edilmegi bütin türkmen halkyny buýsandyrýar, watandaşlarymyzyň täze güýç bilen döwrebap işlere höweslenmegine itergi berýär.
Biz hem syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bolup Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy kararlaryndan, çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri düşündirmek boýunça işleri gyzgalaň alyp barýarys.
Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelerden galkynýan Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Maral DURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.