Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, onuň eksportynyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynda berjaý edilýän işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär hem-de elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar.
Bu pudakda netijeli işleýän, hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen kärhanalaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Ol Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhananyň köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkeziniň işçi-hünärmenleri täze, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp sowgatlar bilen garşyladylar. Kärhanada önümçilik we elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş bölümleri, ammar we işgärler üçin niýetlenen jaý bar. Onuň önümçilik bölüminde daşary döwletleriň «DURMA» we «JUANEL» kysymly öňdebaryjy enjamlary ornaşdyryldy.
Bu ýerde 40 adam zähmet çekýär. Kärhana elektrik enjamlarynyň önümçiliginde we elektrik gurnama işlerinde öňdebaryjy hususy kärhanalaryň hataryndadyr. Bu ýerde demirden elektrik enjamlary üçin şitlerdir gutular öndürilýär, dürli pudaklardan gelýän sargytlar boýunça işler amala aşyrylýar. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde bolsa elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem «Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň hyzmatlarynyň hatarynda meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltda synagdan geçirmek, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurnamak hem sazlamak, gorag ýereçatmalaryny, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly ugurlary görkezmek bolar. Mundan başga-da, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir düzümleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, kuwwaty 35 kW çenli bolan dizel generatorlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek işleri alnyp barylýar. Abatlanan enjamlar döwlet standartlaryna laýyklykda, ýörite barlagdan geçirilýär. Kärhana ýörite ygtyýarnamalar esasynda howa we ýerasty elektrik geçirijilerini çekmek boýunça işleri, gurluşyk işlerini hem ýerine ýetirýär.
Balkanly işewürler hormatly Prezidentimiziň bazar gatnaşyklaryny ösdürip, hususy pudagyň ornuny has-da berkitmek, täze önümçilikleri döretmek, ylmyň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tejribä daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatda döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalaryna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.