Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEREKETLI TOPRAKDAN BOL HASYL

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini maddy hal ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de  dünýäniň ösen döwletleriniň  hataryna çykarmakda  uly işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk  toplumyny, aýratyn hem onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, şol sanda  hususyýetçiligi ösdürmäge  düýpli maýa goýumlary goýulýar. Şeýle beýik işleriň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmegiň esasy özenine öwren “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesinden gözbaş  alýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi  ýaly, berkarar Watanymyzy ähli taraplaýyn gülläp ösýän ýurda  öwürmekde gazanylýan guwandyryjy üstünliklere döwletli Diýarymyzyň zähmetsöýer telekeçileri hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

Oba hojalyk pudagyna öz goşandyny goşýan hususy kärhanalaryň biri hem Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çäginde Uly Balkan dagynyň degresindäki gurply toprakly Düzmergen ýaýlasynda bina edilen “Altyn-Nur Zamany” hususy kärhanasynyň bu ýyladyşhanasynda gelin kömelek we weşinki kömelegi diýip atlandyrylýan kömelekler ösdürip ýetişdirilýär. Bu ýyladyşhana 2017-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Häzirki günde kömelekleriň bu iki görnüşiniň hersinden günde 100-150 kg önüm alýarlar. Her ýyladyşhanadan ortaça bir ekişde 3.5- 4 tonna hasyl alynýar. Weşinki kömelekleri ösdürip ýetişdirmek üçin pagtanyň şulhasyny gaýtadan işlemek arkaly taýýarlanylýar, onuň  üçin ýörite aýratyn sehlar we barlaghanalar döredilen. Mundan başga-da weşenki kömeleklerini konserwa sehynda konserwirlenýär. Şeýle-de ýyladyşhanada gelin kömelek hem ösdürilip ýetişdirilip, bu kömelekleriň tohumlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite barlaghanalar döredilip, öz ýerlerinde bellenen tertibe laýyklykda taýýarlap ekýärler. Önümçilik bölüminde Hytaý we Ýaponiýa döwletleriniň ösen tehnologiki enjamlary bilen üpjün edilip, birnäçe iş orunlary hem döredilendir. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň tamamlanyp barýan  günlerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli bu ýyladyşhana öz önümleriniň bereketli hasyly ýygnalyp, ösen enjamlaryň kömegi bilen şu güniň talabyna laýyk gaplanan we konserwirlenen görnüşinde ýurdumyzyň içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar. Geljekde hem daşary ýurt döwletlerine eksport etmegi meýilleşdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ulsumyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, raýatlarymyzyň öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli  kömelekler bilen ýylyň   tutuş  dowamynda ygtybarly üpjün edilmegi, şunda hususy pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy babatda Gahryman Arkadygymyzyň edýän uly aladalaryna mynasyp goşant goşmak telekeçileriň baş maksady bolup durýar.

Geljekde bolsa ýyladyşhananyň topragyny hem özlerinde ýetişdirmegi we taýýarlamagy meýilleşdirýärler.“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”  şygary bilen dabaralanýan ýylynda halkymyzyň toý saçaklarynyň rysgal-bereketli  bolmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýan ussat telekeçilerimiz  Täze ýyl baýramyny toý serpaýly garşylap, özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýärler. Biz hem telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetimiziň agzybir işgärleri bolup  ýyladyşhanalarda, kärhanalarda, ýerli telekeçileriň arasynda  wagyz-ündew işleri yzygiderli  alyp barýarlar.   

Bu ýyladyşhanada kömelekleri ösdürip  ýetişdirmekde gaýratly zähmet çekýän agzybir hünärmenleri hem öz gezeginde  arassa, halal zähmet çekip, bol hasyl almaga we kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga döredip berýän  giň şertlerdir mümkinçilikleri üçin  Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar

 

Baýmyrat TUWAKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň bölüm müdiri