Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Örän gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, keseli anyklaýyş merkezler, türkmen topragynyň derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemme ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyşda-da täze ösüşler gazanylýar, belent üstünliklere ýetilýär.
Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan şeýle ösümlikleri hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli-de, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatly derejesine ýetirilen halk lukmançylygynda ulanan ösümlikleriniň dürli dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazanylanlary üstüne goşmak bilen, köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmeniň dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly ylmy işini, olaryň melhemlik häsiýetlerini «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirýär.
Ynha, ýakynda ýene-de bir şatlykly, taryhy wakanyň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriniň ХIII jildi neşir edildi. Onda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly eziz Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler dünýäsindäki endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikleriniň 120-si barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitap 2 bapdan — dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasyndan we maglumatnamadan ybarat. Kitapda beýan edilýän dermanlyk ösümlikler Türkmenistanyň şypahanalarynda bejergi alýan adamlar üçin örän peýdaly bolar. Raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalardaky ýerli bejergileriň arasynda dermanlyk otlardan peýdalanylanda, adam saglygyna has-da gowy täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilip, türkmen tebigatynyň ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrýar hem-de bejerijilik ähmiýetini açyp görkezýär. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň halk lukmançylygynda müňlerçe görnüşi peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş alyp barýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler baradaky bilimlerini baýlaşdyrmak, ösümlikleriň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylykda peýdalanylyşy, ýygnamagyň möhleti hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri dogrusyndaky ylmy maglumatlary ýetirmek bolup durýar.
Türkmen topragynda ýaşan belli tebipler we alymlar Abu Ali ibn Sinanyň, Abu Reýhan Biruniniň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Abu Hanif Dinawaryň we Muhammet Huseýniň nusgawy eserlerinde Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikler baradaky berilýän maglumatlar has gymmatlydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseri okyjylary Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyna, ösümlik dünýäsine we olaryň adam saglygy üçin möhümdigine has oňat düşünmäge kömek edýär. Diýarymyzyň melhemlik, jana tenekar ösümliklerini ylmy esasda öwrenýän bu gymmatly kitap hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň aýdyň mysalydyr.
Döwletmyrat Esenow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni