Hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynyň 14-ne Balkan welaýatyna bolan mübärek iş sapary ýatdan çykmajak ajaýyp taryhy pursatlardan, şanly wakalardan doly boldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu Şa gadamy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň parasatly milli Liderimize bolan çäksiz söýginiň buýsanjyny ýene bir mertebe has-da arşa göterdi. Welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüni tutup bermegi hem-de welaýat merkezinde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşyp, ösen häzirki zaman “Tiz kömek” ulaglarynyň sowgat bermegi il-ulusymyzyň minnetdar göwünlerini hasam buýsanja besledi.
“Türkmeniň ak öýi” binasy döwletli maslahatlary we dürli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenip, toplumda zerur häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen giň konsert zaly, iş otaglary we beýleki ugurdaş otaglar, eýwan göz öňünde tutulypdyr. Ol 3 müň orunlyk sadaka bermek üçin aýratyn binany hem öz içine alýan tutuş desgalar toplumydyr. Bu toplumyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilmegi has-da guwandyryjydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň türkmen telekeçilerimize döwlet derejesinde berýän giň hemaýatdyr goldawlarynyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merdana halkymyzyň döwletlilik däplerini özünde jemleýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň Balkan welaýatynda alyp barýan işlerimizi üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelejekdigini, medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmekde, ýaşlarymyzy watançylyk, millilik, zähmetsöýerlik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyny belledi.
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutdy. Täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolup, bu Halkara howa menzilinde 200-e golaý iş orunlary dörediler. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňi, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasy, ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary ýaly jemi 15 sany esasy desgany görkezmek bolar.
Biziň türkmen telekeçilerimiz hem Gahryman Arkadagymyzyň özleri üçin döredip beren hemme döwrebap şertlerdir mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da netijeli, hyjuwly zähmet çekýärler. Milli telekeçilerimiz uly dabaralara şöhratly wakalara beslenýän “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynyň altyn güýzünde giňden belleniljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny mynasyp zähmet sowgatly garşylamak maksady bilen has-da tutan ýerli hyjuwly zähmet çekýärler. Olar Hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçiler baradaky, halkymyz hakyndaky ýadawsyz aladalaryndan ruhlanyp, milli Liderimize özleriniň bimöçber alkyşlaryny, hoşallyklaryny beýan edýärler. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini, jany sag, ömri uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
Mamedow Isa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyñ orunbasary