Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

JOŞGUNLY ZÄHMETIŇ DABARALANMASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy belende galýan halkymyz ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlary uludan tutup, ony üýtgeşik dabara, buýsanç bilen belleýär. Ynha, düýn hem Diýarymyzyň sähra-ýaýlalaryna älemgoşar öwüşgini bilen dolup, kalplarda ýakymly duýgulary döredip, uly şowhun-şatlyk, guwanç bilen türkmen topragynda Hasyl toýy bellenilip geçildi. Şeýle ajaýyp toý gününde zähmetsöýer babadaýhanlarymyzyň çeken zähmetiniň netijesini, rehnedini  görmek, oňa guwanmak, gör, nähili bagt! 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek, ýeriň hakyky eýeleri bolan oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalaryndan ruhlanýan daýhanlarymyzyň çeken yhlasly zähmeti özüniň ajaýyp netijelerini berýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyny ene ýerden gözleýän zähmet söýer babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, halal zähmetden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Oba hojalyk ekinlerine kadaly ideg etmek, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin kämil hem-de ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar mineral dökünler, suw bilen doly üpjün edilýär. 

Mähriban Prezidentimiziň türkmen daýhanyna işlemek, halal baýamak üçin döreden mümkinçiliklerine, ata Watanymyzyň oba hojalygyny has-da ösdürmek, oba ýerlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ak mermerli binalary gurmak, saglyk merkezleriniň, sport toplumlarynyň, medeniýet öýleriniň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň gurluşygyna giň gerim bermek, umuman, oba adamlarynyň amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek baradaky alyp barýan beýik işlerine guwanýarsyň. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmet söýer, iş başarjaň daýhanlarymyza ene ýerden bol hasyl alyp, halal ýaşamaga, baýamaga ähli mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň öz halky barada edýän aladalaryndan ruhlanýan türkmen halky muňa jogap edip, yhlas hem hyjuw bilen päk zähmetiniň netijesinde uly ýeňişleri gazanýar. Bu zähmet ýeňişleri arzuwlaryň wysal bolýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Goý, sahawatly türkmen topragynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli,  halkara ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

Güljeren MUHYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hünärmeni.