Öňňin Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de Arkadag şäher «Energoönümçilik» birleşiginiň bilelikde guramagynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň önüm öndürýän böleginde gazanylýan ösüşleri, esasan, senagat pudagyna degişli bolup durýar. Ol önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, zähmet gorlarynyň mukdar we hil görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn binýadynyň innowasion özgerişlere eýermegine daýanýar. Şeýle hem senagat we gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan desgalara zerur bolan önümlerdir beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Bu babatda gurluşyk önümçiligi boýunça kärhanalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak esasy wezipe bolup durýar.
«Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýan iri gurluşyklar üçin zerur bolan ýokary hilli önümleriň üpjünçiligi ýola goýulýar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda amala aşyrylýan işler muňa aýdyň mysaldyr. Milli Liderimiziň «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler hem-de desgalaryň döwrebap derejede bolmagy üçin özüniň öwüt-nesihatlaryny bermegi gurluşykçylary has-da buýsandyrýar» diýip çykyşlarda nygtaldy. Durmuşa geçirilýän strategik taslamalarda energiýa serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy arkaly halkyň abadan ýaşaýyş-durmuşynyň üpjün edilmegi, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbidi üçin ulanylmagy esasy ugurlar hökmünde kesgitlenilýär. Şeýle-de senagat-gurluşyk önümçiligi pudagynda işleriň döwrebaplaşdyrylýandygy hem-de yzygiderli ösüşleriň gazanylýandygy dogrusynda bellediler. Dabaranyň ahyrynda zähmetde tapawutlanan gurluşykçylara sowgatlar gowşuryldy.
Asylly başlangyçlary bilen Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri.