Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние статьи

GARABOGAZ — GAZAGYSTAN SERHEDINE ÇEKILÝÄN TÄZE AWTOMOBIL ÝOLY — HALKARA ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNYŇ MÖHÜM HALKASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklarda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir hatarda, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, demir ýollaryň we logistika merkezleriniň gurluşygy möhüm ähmiýete eýedir. 

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişi, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz porty, şeýle-de goňşy döwletler bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şu nukdaýnazardan, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden Garabogaz şäherçesiniň üsti bilen Gazagystan respublikasynyň serhedine çenli çekilýän täze döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy aýratyn ähmiýetli taslamalaryň biri bolup durýar. Bu ýol diňe bir ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ulag infrastrukturasyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň halkara ulag-logistika ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga, sebitleýin söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge we ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.

Garabogaz — Gazagystan serhediniň awtomobil ýolunyň gurluşygy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyr bolup durýar. Taslama Türkmenbaşy — Garabogaz aralygyndaky 207 kilometrlik we Garabogazdan Gazagystanyň serhedine çenli 43,6 kilometrlik bölekleri öz içine alýar. Şeýlelikde, täze awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy takmynan 250 kilometre barabar bolar. Bu giň gerimli gurluşyk işi Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkara ýük we ýolagçy gatnawlarynyň has netijeli ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Täze awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda hususy pudagyň iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşýandygyny görkezýär. Ýoluň halkara ähmiýeti onuň Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar sebitlerini goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan möhüm ulag ugry bolup durýandygy bilen kesgitlenýär.

Täze awtomobil ýolunyň gurluşygynda häzirki zaman inženerçilik çözgütlerinden, öňdebaryjy tehnologiýalardan we ýokary hilli gurluşyk serişdelerinden peýdalanmak göz öňünde tutuldy. Taslamanyň aýratynlyklaryna laýyklykda, awtomobil ýoly dört hereket zolagyndan ybarat bolup, ýoluň umumy giňligi 27,5 metre, her bir hereket böleginiň giňligi 7,5 metre, hereket zolaklarynyň giňligi bolsa 3,75 metre deňdir. Şeýle çözgütler ulaglaryň howpsuz hereket etmegine, ýol örtüginiň uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etmegine mümkinçilik berer. 

Täze awtomobil ýolunyň halkara ähmiýeti onuň «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň ösdürilmegine hem goşant goşup biljekdigi bilen baglydyr. Bu ugurda Türkmenistan, Gazagystan, Eýran, Russiýa we beýleki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösdürilmegi Hazar deňziniň üsti bilen amala aşyrylýan halkara ýük daşamalary bilen hem utgaşýar. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň artmagy, täze awtomobil ýollarynyň gurluşygy we demir ýol ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da giňeldýär. Şeýlelikde, täze ýol halkara söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, ýükleriň dürli ugurlar boýunça netijeli daşalmagyna we sebitde möhüm ulag merkezleriniň biri hökmünde ornuny berkitmegine ýardam eder.

Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ösüşine hem oňyn täsirini ýetirer. Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän halkara deňiz porty, nebiti gaýtadan işleýän senagat toplumy, şeýle hem Garabogaz şäherindäki iri önümçilik kärhanalary sebitiň ykdysady kuwwatyny kesgitleýär. Täze awtomobil ýolunyň gurluşygy bu önümçilik merkezleriniň arasynda ulag gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirer.

Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen hususy pudagyň ösdürilmegine, telekeçileriň işiniň has-da giňeldilmegine we olaryň iri taslamalara gatnaşmagyna uly ähmiýet berilýär. Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygynyň «Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetine ynanylmagy ýurdumyzda telekeçiligiň täze ösüş derejesine çykýandygyny görkezýän möhüm mysaldyr. Hususy kärhanalaryň döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegi, hünärmenleriň zähmetini netijeli guramagy we iri infrastruktura taslamalaryny ýerine ýetirmegi milli ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşýar. Gurluşyk işlerinde ýüzlerçe tehnika we müňden gowrak hünärmeniň gatnaşmagy bu taslamanyň uly möçberini görkezýär. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ulag ulgamyna aýratyn ähmiýet berýär. Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy iki ýurduň arasynda ulag, söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm mümkinçilikleri döreder. Halkara ulag geçelgeleriniň kämilleşdirilmegi diňe bir harytlaryň daşalmagyna däl, eýsem, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine hem hyzmat eder. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan has ýakynlaşmagyna, halkara söwda akymlarynyň artmagyna we sebitiň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň giňelmegine şert döreder.

Bu giň gerimli taslama Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň geljegine gönükdirilen möhüm başlangyç bolup, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşiniň, halkara hyzmatdaşlygynyň we döredijilikli zähmetiniň täze üstünlikleriniň nyşany hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň we röwşen geljeginiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, ýurdymyzy mundan beýläkde ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin. 

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.