07.11.2026
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde haryt dolanyşygynyň ähmiýeti has-da artýar. Häzirki wagtda hojalygy dolandyrmagyň has giň ýaýran we esasy görnüşi haryt önümçiligi bolup, bu gatnaşyklar dürli döwürlerde-de düýpli öwrenilýär, tejribede giňden peýdalanylýar. Ykdysadyýetiň önüm öndürýän böleginde gazanylýan ösüşleri, esasan, senagat pudagy üpjün edýär. Ol önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, zähmet gorlarynyň mukdar we hil görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn binýadynyň innowasion özgerişlere eýermegine daýanýar. Şoňa göräde, Türkmenistanyň ykdysadyýetini köpugurly ösdürmek, onuň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatdaky düzümini kämilleşdirmek wezipeleri durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde senagat toplumy boýunça ösen tehnologiýalaryň iň soňky innowasiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň senagatlaşdyrma syýasatynyň baş mazmuny ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Milli ykdysadyýetimizi köp ugurly ýol bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi dowam etdirilýär. Hususan innowasion esasda elektron pudagyny döretmek, ösdürmek, bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektrotehniki senagaty ýola goýmak hem-de içerki we daşarky bazarlara gönükdirilen ýokary hilli elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek maksady bilen senagat pudagy boýunça işler alnyp barylýar. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli senagat ulgamyny ösdürmegiň strategik maksady, gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň mümkin bolan deňagramlylygyny gazanmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzda iri ulag desgalary, üstaşyr geçelgeler we ýangyç-energetika toplumy milli senagatyň binýadyny düzýär. Şol sanda güýçli depgin bilen ösýän senagat pudaklaryna nebithimiýa toplumlarynyň gatanjy, dokma, azyk hem-de gurluşyk materiallary senagatyna maýa goýumlaryň gönükdirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Senagat we gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan önümlerdir beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Bu babatda üstünlikli hereket edýän gurluşyk önümçiligi boýunça kärhanalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak esasy wezipe bolup durýar. Eziz Diýarymyzda ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýan iri gurluşyklar üçin zerur bolan ýokary hilli önümleriň üpjünçiligi ýola goýulýar. Ösen innowasion tehnologiýaly kärhanalarda gurluşyk üçin zerur bolan önümleriň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar. Pudakda sement, demir we aýna önümlerinden başga-da, magdan däl materiallar, gurnama demir-beton, gurluşyk önümleri, elektron serişdeler we maşyngurluşyk enjamlary, diwara örtülýän materiallar, keramzit, gazbeton, gips, kaolin, izogam önümleridir beýleki gurluşyk materiallary öndürilýär. Mundan başgada, soňky ýyllarda ýurdumyzda milli elektron senagaty kemala gelýär, ilatymyzyň arasynda uly isleg bildirilýän elektron we elektrotehniki önümleriň çykarylyşy yzygiderli ýola goýulýar. Durmuşa geçirilýän strategik taslamalarda energiýa serişdelerimiziň netijeli peýdalanylmagy arkaly halkymyzyň abadan ýaşaýyş durmuşynyň üpjün edilmegi, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbitleri üçin ulanylmagy esasy ugurlar hökmünde kesgitlenilýär. Munuň özi Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Senagat-gurluşyk önümçiligi pudagynyň şeýle oňyn häsiýetli ösüşleri eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere özboluşly goşant bolup çykyş edýär.
Goý, şeýle asylly başlangyçlary bilen Watanymyzy hemme taraplaýyn ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.