Taryha nazar aýlanymyzda, taryhy, dili we ruhy gymmatlyklary umumy bolan türkmen-türk gatnaşyklary bu gün täze many-mazmun bilen baýlaşyp, hil taýdan täze derejä çykýar. Doganlyk halkyň arasynda ýola goýlan ýokary derejedäki netijeli syýasy gatnaşyklar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alyp, barha giň gerime eýe bolýar. Özara bähbitli gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça yzygiderli ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklaryň diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösmegi, özara bähbitli giň möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge binýat bolup hyzmat edýär.
Türki Döwletleriň Guramasy barada aýdanymyzda, bu abraýly halkara gurama sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin işjeň çykyş edýär. Hususan-da energetika, ulag, logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hereketleri utgaşdyrmak üçin berk binýat bolýar.
Şunlukda türki döwletleriň arasynda emele gelen köpugurly hyzmatdaşlyk özara hormat goýmak we ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda barha kämilleşdirilýär. Muňa yzygiderli geçirilýän halkara çäreler hem aýdyň subut edýär. Şu gezekki halkara çäreler hem şeýle asylly işleriň logiki dowamyna öwrüldi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlary durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Türki halklaryň ruhy mirasyny gorap saklamak, olaryň medeni däplerini giňden wagyz etmek, ylmy we döredijilik jemgyýetçilikleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek guramanyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini bellemek bolsa buýsançlydyr.
Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasynda boldy. Bu ýerde Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara sammitiň çäklerindäki çäreleriň başlangyjy boldy.
Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalarynyň ýerleşdirilendigi nukdaýnazaryndan seretsek, taryhy kökleriň, ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň umumylygyny alamatlandyrýan özboluşly keşbe öwrüldi.
Seýilgähde türkmeniň ak öýi dikilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň giňden şöhlelenmegi biziň milli gymmatlyklarymyzyň özboluşly keşbi boldy. Ak öýüň içinde halkymyzyň gündelik durmuşynda ulanýan öý esbaplary, milli lybaslary, saz gurallary ýerleşdirilýär. Bu bolsa oňa syn edýän adamlaryň türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik berýär. Seýilgähiň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary öz beýanyny tapdy. Joşgunly «küştdepdi» tansy bolsa, milli türkmen dabarasyny barha belende galdyrdy.
Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary «Malazgirt» çäreler merkezine bardylar. Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary milli däplerimiziň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Täsirli atly çykyşlar we etnografik görkezilişler türki halklaryň asyrlar aşyp gelýän durmuş ýörelgelerini açyp görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyran saparynyň barşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammiti ýokary derejede geçirildi. Sammitde hormatly Prezidentimiz çuň many-mazmunly çykyş etdi. Çykyşynyň barşynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan türki dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şol sebäpli, biz Türki Döwletleriň Guramasyny doganlyk döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guramasy hökmünde görýäris» diýip belledi. Ykdysady ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýän halkara guramasy bilen ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary we ileri tutulýan ugurlaryň ähmiýeti çykyşyň esasy many-mazmunyny düzdi.
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary sözüň doly manysynda iki doganlyk halkyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň mizemezdigini ýene bir gezek subut etdi.
Iki doganlyk döwletiň we halkyň arasyndaky syýasy, ykdysady hem-de medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykarylmagyna ägirt uly goşant goşýan, ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha artdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, eziz diýarymyzyň we halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen belent başly işleri elmydama rowaç bolsun!
Maksud Toraýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.