Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMENISTAN — ÖZBEGISTAN: DOGANLYGYŇ MÄHRI BILEN

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşleriň bähbidine ägirt uly işleri üstünlikli amala aşyrýar. Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Döwletimiziň özara bähbitli gatnaşyklarynyň  köpugurlylygy bilen tapawutlanýan strategik hyzmat daşlarynyň biri hem Özbegistan Respublikasydyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14 — 15-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasynda boldy. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrdy. Şol taryhy saparyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we olaryň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar bar bolan ägirt uly kuwwatdan has netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bilen ähmiýetlidir. Şol duşuşyk wagtynda öňe sürlen täze başlangyçlardyr gazanylan netijeler diňe bir türkmen hem özbek halklarynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň abadan durmuşyna, ýagty geljegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary nyň biridir. Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm strategik ugry hökmünde kesgitlenendir. Şu gezekki gepleşikleriň barşyn da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny tiz wagtda amala aşyrmak boýunça tagallalary artdyrmagyň we ähli babatlarda ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Umuman, ulag ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa da we çäkleşýän sebitlerde ösüşleriň hereketlendiriji güýçleriniň biri, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlarda üstünlikli ykdysady goşulyşmagyň hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şeýle hem, taraplaryň himiýa pudagynda, awtomobil gurluşygynda, elektrotehnika, dokma we derman senagatynda, azyk senagatynda, oba hojalygynda strategik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge mümkinçilikleri uludyr. Senagat taýdan ýakynlaşmagyň «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak, söwda, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň kuwwaty ny peýdalanmak barada gazanylan ylalaşyklar hem örän ähmiýetlidir. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda serhetýaka Türkmen-özbek söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Ylalaşy ga gol çekildi. Bu merkeziň işi özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, senagat söwdasyny ösdürmäge hem-de bilelikdäki taslamalary ama la aşyrmaga ýardam etmä ge gönükdirilendir. Döwlete dahylsyz pudagyň, ýagny orta we kiçi telekeçileriň öndürýän dürli gök-bakja, miwe we beýleki milli önümlerini türkmen-özbek bazarlarynda halka elýeterli bahadan ýetirmek, azyk bolçulygyny ösdürmek iki doganlyk döwletiň hem baş maksadydyr. Telekeçileriň bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň öndürýän önümleriniň hiltaýdan arassa we öndürijilikli kuwwatynyň ýokarlanmagy üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzda multimodal ulag gatnawlarynyň kömegi bilen telekeçileriň önümleri goňşy döwletlere we dünýä döwletleriniň bazarlaryna, söwda nokatlaryna tiz wagtda eltilýär. Bu bolsa ýurdumyzda ulag logistika pudagynyň ösýändigine hem-de gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändigine şaýatlyk edýär. Medeni-ynsanper we rhyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mizemez binýady bolup durýar. Indi 4 ýyldan gowrak wagt bäri Daşkendiň gözel künjekleriniň birine «Aşgabat» seýilgähi ýaraşyk berýär. Ak mermerli Aşgabatda «Daşkent» seýilgähi mähriban halkymyzyň söýgüli ýerleriniň birine öwrüler. Doganlyk özbek halkynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan bu medeni-dynç alyş zolagy türkmen paýtagtynyň görküne görk goşup, iki ýurduň arasyndaky dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkidýär. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, şu ýylyň noýabrynda Daşoguzda türkmen-özbek dostluk festiwalynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Duldegşir goňşy döwletimiz Özbegistan Respublikasynda biziň milli medeniýetimize, edebiýatymyza aýratyn uly hormat bilen garalýar. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri, türkmen dessanlary ençeme ýola çap edilip, özbek okyjylaryna ýetirildi. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ynamly ösýär. Özbek Lideriniň ýurdumyza nobatdaky resmi sapary köpýyllyk hyzmatdaşlyga, sebitiň ýurtlary nyň we halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berdi.

Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.