TARYHY WAKA BOLAR
Häzirki wagtda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly işler giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipelere laýyklykda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler durmuşa geçirilýär.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şöhratly pederlerimiziň toplan baý tejribesine esaslanylyp, döwleti dolandyrmagyň demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýady döredildi. Netijede, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda we raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlener. Şeýle hem ösüşli döwrümiziň talaplaryndan ugur alnyp, geljekde öňümizde durýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Häzirki wagtda partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirýärler. Olarda biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň eýeleýän wajyp ornuny düşündirýäris.
Myratgeldi ANNAÖWEZOW. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.
***
BELENT SEPGITLERI NAZARLAP
Döwletimiziň okgunly ösüşleri çuňňur oýlanyşykly durmuş-ykdysady maksatnamalardan gözbaş alýar. Giň möçberli maksatnamalary işläp taýýarlamakda, döwlet ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul etmekde we halkymyzyň bähbitlerini goramakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Halk Maslahaty halkyň sesidir, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini utgaşdyrýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Ol ýurdumyzyň esasy ösüş ugurlaryny kesgitlemekde, milli kanunçylygy kämilleşdirmekde we ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän kararlar türkmen halkynyň agzybirligini pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge we durmuş-ykdysady ösüşi täze belentliklere çykarmaga hyzmat edýär. Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösüp, ýokary tehnologiýalara we sanly ulgama geçmek bilen berkidilýär. Nebitgaz serişdelerini çuňňur gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlary öndürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Täze gazhimiýa toplumlarynda, dokma kärhanalarynda we oba hojalygynda öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagy içerki bazaryň durnuklylygyny üpjün etmek bilen birlikde, daşary ýurtlara eksportyň hem giňemegine ýol açýar. Ýurdumyzda ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hem hususy pudagyň goldanylmagydyr. Telekeçilerimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşine saldamly goşant goşup, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap kärhanalary, söwda we hyzmat ediş merkezlerini gurýarlar. Şeýle hem «ýaşyl» ykdysadyýet we ekologiýa howpsuzlygy boýunça alnyp barylýan işler halkara derejede ýokary baha eýedir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda röwşen geljege uzaýan ýolumyz ynamly ädimleriň, döredijiligiň we zähmet ýeňişleriniň ýoludyr. Halkymyzyň jebisligi, tutanýerli zähmeti arkaly Türkmenistan mundan beýläkde ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly gadam urar.
Baýrammyrat ATAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.
TSTP