Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde uzak geljegi nazarlaýan möhüm wezipeler durýar. Ýokary wekilçilikli edaranyň, Hökümetiň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň bilelikdäki sazlaşykly işleriniň netijesinde özgertmeler syýasaty has-da çuňlaşdyrylýar, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda geçmişde diňe halalhon, ynsaply, adamkärçilige mahsus sypatlara eýe bolan adamlaryň iliň öňüne düşmegi başarandyklary barada aýdylýar. Şeýle adamlardan maslahat soralyp, olaryň pikiri durmuşda islendik ýagdaýda dogry, maksadalaýyk hereket etmäge ýol görkezýän çelgi hasap edilýändigi hakynda bellenilýär. Has takygy, bu kitapda: «Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksadynda hem ata-babalarymyzyň adalatly ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiliklerini ýokary derejede amala aşyrmak esasy orunda durýar. Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşygy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär» diýip bellenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň, döwletli tutumlarynyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň köklerinden güýç alýan berkarar döwletimiz barha berkeýär. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň daşyna jebisleşen halkymyzyň agzybirliginden, yhlasyndan, tutanýerli zähmetinden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň iň asuda, abadan, çalt ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Geçen 35 ýylyň dowamynda asyrlara barabar işleriň bitirilendigini eziz Diýarymyzyň günsaýyn özgerýän keşbinde aýdyň görýäris. Ykdysady taýdan galkynýan Watanymyzda hususy pudaklaryň ýardamy bilen gurulýan hem-de sazlaşykly işledilýän kuwwatly önümçilik toplumlary, senagat kärhanalary, edermen daýhanlarymyzyň zähmetinden gülleýän ekin meýdanlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar. Her ýyl Diýarymyzyň dürli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, saglyk we sport merkezleriniň, durmuş üpjünçiligine degişli beýleki desgalaryň ençemesiniň gurlup, ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň barha ýokarlandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Has takygy, Milli Liderimiziň egsilmez yhlasy, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawlary bilen Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäheri bolsa, ýurdumyzyň bedew batly, okgunly ösüşleriniň, Garaşsyz türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň ägirt uly kuwwata eýediginiň ajaýyp nyşanydyr. Häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýän bu «akylly» şäher Türkmenistanyň uly ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Bu bolsa şäheriň durnukly ösýändigini, geljeginiň parlakdygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň ösüşiniň geljekki menzillerinde öňde durýan wajyp wezipeleriň, halkyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, çözgütleriň kabul edilmegi täze ösüşlere badalgadyr.
Arslan TÄŞLIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.