Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ AÝDYŇ MYSALY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatyny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda öz ösüşiniň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda Watan üçin, halkyň bagtyýar ýaşaýyşy üçin durmuşa geçirilýän beýik işleri dabaralanýar. Halkymyzda «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan – ýeg» diýilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, il-ýurt bähbitli tutumlaryň halk bilen maslahatlaşmagy, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleriň geňeşilip çözülmegi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi we düzüminiň kesgitlenmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny çagyrmak we geçirmek bilen baglanyşykly we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.  Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde garaljak meseleler ýurdumyzyň  sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny nazarlap, täze ýeňişlere badalga berer. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka öwrülýän bu maslahata paýhas mekdebi bolan ýaşulularymyz bilen bilelikde jemgyýetiň wekilleriniň, il sylagly adamlaryň gatnaşmagy ýurdumyzda höküm sürýän raýat agzybirliginiň aýdyň görkezijisidir. Şol maslahatlarda kabul edilýän çözgütleriň, başy başlanan işleriň durmuşda öz beýanyny tapýandygy has-da guwandyryjydyr. Döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi milli demokratik ýörelgeleriniň rowaçlanmagydyr. Şonuň üçin hem şeýle taryhy wakalar ildeşlerimiziň her birinde buýsanç döredýär.

 Halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşynyň hözirini görüp ýaşamaklary ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bahar METDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.