Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HALK MASLAHATY - MILLI ÖSÜŞLERIŇ KÄMIL MEKDEBI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň buýsançly we şanly günlerinde eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna uly zähmet ýeňişleri hem-de belent tutumlar bilen öňe barýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň berk binýadyna daýanýan berkarar döwletimiz häzirki eýýamda durmuş-ykdysady ösüşleriň täze belentlikleri bilen, parahatçylyk söýüjiligiň we durnuklylygyň bütindünýädäki nusgalyk merkezine öwrüldi. Şeýle beýik dabaralanmalaryň halkymyz baradaky çuňňur aladalaryň gözbaşynda bolsa Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pähim-paýhasy hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän kämil döwlet syýasaty binýat alýar.

Şu taryhy eýýamda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn orun tutýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň agzybirliginiň, milli demokratiýamyzyň we döwletlilik ýörelgelerimiziň kämil dabaralanmasydyr.

Türkmen halky taryhyň ähli eýýamlarynda ulus-il bolup, ilatymyz üçin möhüm kararlary maslahatly kabul etmek ýörelgesine uly sarpa goýupdyr. Oguz han atamyzdan, Beýik Seljuklardan gözbaş alýan milli döwletlilik ýörelgelerimiz eýerip, döwletlilik mukaddesligini hemişe halkyň geňeşine, agzybirligine we özara ynamyna daýanypdyrlar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli demokratiýanyň kämil nusgasydyr. Onda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň — ýaşulylaryň, mähriban enelerimiziň, ýaşlarymyzyň, ähli pudaklar bilen bir hatarda hususy pudagyň wekilleriniň pikirleriniň hem diňlenilmegi, ýurdumyzyň geljegi bilen bagly taryhy kararlaryň köpçülikleýin kabul edilmegi halk häkimiýetliliginiň hakyky dabaralanmasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähimli döwlet syýasaty netijesinde Halk Maslahaty jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün edýän beýik syýasy binýat hökmünde çykyş edýär.

Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän taryhy kararlar we milli maksatnamalar gönüden-göni Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokary götermäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek, milli senagaty durnukly ösdürmek, hususy telekeçiligi goldamak hem-de eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak boýunça öňde duran beýik wezipeler Halk Maslahatynyň mejlislerinde kesgitlenilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugry hem Halk Maslahatynyň mejlislerinde özüniň beýik dabaralanmasyny tapýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, birek-birege hormat goýmak we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky döwletimiziň halkara başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Halk Maslahaty— milli medeniýetimizi, agzybirligimizi, ykdysady kuwwatymyzy we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimizi özünde jemleýän beýik döwletlilik mekdebidir.

Syýasy partiýanyň biri bolan biz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzybir işgärleri hem Halk Maslahatynyň öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmekde, giň halk köpçüligine ýaýbaňlandyrmakda düşündiriş-wagyz işlerini alyp bararys.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen täze galkynyşlara alyp barýan Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, parahatsöýüjiligi wagyz edýän döwlet syýasaty hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Jamal ABYLOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň jogapkär işgäri.