Halkymyz üçin mukaddes gymmatlyklaryň biri bolan Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Garaşsyzlyk baýramy aýratyn orun eýeleýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesini dabaraly bellemäge taýýarlyk görülýär. Bu sene diňe bir baýramçylyk güni bolman, eýsem, halkymyzyň täze galkynyşynyň, dünýäniň syýasy kartasyndaky mynasyp ornuny tapmagynyň nyşanydyr. 35 ýyl taryh üçin gysga pursat bolsa-da, özygtyýarly döwletimiz üçin bu döwür belent sepgitleriň we beýik özgertmeleriň eýýamy boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilen işleriň gerimi we ähmiýeti asyrlara barabardyr. Bu döwürde. türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalarynyň netijesinde Türkmenistan syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, durmuş taýdan abadan döwlet hökmünde bütin dünýäde ykrar edildi. Ýurt Garaşsyzlygymyz türkmen halkyna öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemäge, baý medeni we ruhy mirasyny goramaga hem-de dünýä ýaýmaga, abadan durmuşda ýaşamaga giň ýol açan naýbaşy gymmatlykdyr. Özygtyýarly ösüş ýoly halkymyza şöhratly taryhyna, diline, däp-dessurlaryna we milli buýsanjyna eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Gadymy däp-dessurlarymyz, milli baýramlarymyz, halk senetçiliginiň nusgalary täzeden dikeldilip, baý medeniýetimiziň ajaýyp gymmatlyklary bütin adamzadyň gymmatly mirasy hökmünde dünýäde şan-şöhrata eýe boldy. Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, döwletiň we jemgyýetiň gülläp ösüşi ykdysady ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň esasy gazananlarynyň biri hem eziz Diýarymyzyň ummasyz tebigy baýlyklaryny halkymyzyň bähbidine peýdalanmaga giň ýol açylmagydyr. Şunuň esasynda Türkmenistan özüniň ykdysady nusgasyny düýbünden täzeden gurdy. Energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli strategiýa durmuşa geçirilip, «Türkmenistan — Hytaý» transmilli gaz geçirijisi guruldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda çig maly gaýtadan işläp, ýokary hilli taýýar önümleri çykarýan kuwwatly toplumlar döredildi. Amala aşyrylan oýlanyşykly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz durnukly ösýän kuwwatly senagat döwletine öwrüldi. Ulag-logistika pudagynda Türkmenbaşy halkara deňiz porty, häzirki zaman Halkara howa menzilleri, müňlerçe kilometre uzaýan polat ýollar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary guruldy. Munuň özi ýurdumyzyň Ýewraziýada Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça möhüm ulag halkasyna öwrülmegini şertlendirdi. Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň häzirki belent depgininiň nyşanydyr. Oba hojalygynyň we telekeçiligiň ösdürilmegi diňe bir halkymyzyň gündelik sarp edýän önümleriniň bolçulygyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşleriniň artmagy bilen dürli pudaklaryň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna getirdi. Şanly Garaşsyzlygyň Saýasynda ýurdumyzyň galkynyşy diňe bir ykdysadyýetiň ösüşi bilen çäklenmän, eýsem, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagynda hem aýdyň görünýär. Geçen 35 ýylda döwletimiz durmuş ulgamyna uly serişdeleri goýberdi. Häzirki döwürde-de Döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilip, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge, ilatyň degişli gatlaklaryna pensiýalarydyr kömek pullaryny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Sebitleriň gyradeň ösdürilmegi hem durmuş ugurly syýasat bilen utgaşykly amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň, saglygy goraýyş merkezleriniň we şypahanalaryň, sport toplumlarynyň, medeniýet öýleriniň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygary täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygary astynda has-da rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda rowaçlanýan zamanasynda bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini jebislik, ruhubelentlik, watansöýüjilik, geçilen ýola hem-de bitirilen işlere buýsanç duýgulary bilen garşylaýar. Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uzak möhletleýin döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirip, bedew bady bilen belent sepgitlere ymtylýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri bitirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şemşat BAÝRAMGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Umumy bölüminiň müdiri.