Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ NUSGASY

Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen giň gerimli özgertmeler halkyň isleg-arzuwlaryna, milli däp-dessurlaryna we döwletlilik ýörelgelerine esaslanýar. Şol özgertmeleriň iň möhüm ugurlarynyň biri hem Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Halk Maslahaty — türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän maslahatlaşmak, agzybirlikde çözgüt kabul etmek, ýaşulularyň pähim-paýhasyna daýanmak ýaly milli ýörelgeleri häzirki zaman döwlet dolandyryşynyň talaplary bilen utgaşdyrýan möhüm jemgyýetçilik-syýasy institutdyr. Halk Maslahaty häzirki zaman şertlerinde döwletiň strategik ösüş ugurlaryny kesgitlemäge, halkyň bähbitlerini goramaga, milli jebisligi pugtalandurmaga hyzmat edýän ýokary wekilçilikli düzümdir. Onuň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna hem-de milli döwletlilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar. Onuň esasy maksady döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky ynamy berkitmekden, halkyň islegleriniň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa demokratiýanyň diňe hukuk düşünjesi bolman, eýsem, milli gymmatlyklara daýanýan durmuş ýörelgesidir. Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, durmuş we medeni ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilýär. Ýurdumyzyň durnukly ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýaşlar syýasatyny berkitmek, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meseleler hem onuň üns merkezinde bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar, täze şäherleriň, obalaryň, önümçilik kärhanalarynyň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagy halkyň bähbidine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänligini görkezýär. Milli demokratiýanyň esasy aýratynlyklarynyň biri jemgyýetde agzybirligi, jebisligi we raýat joşgunlylygyny ösdürmekdir. Halk Maslahaty dürli ýaşdaky nesilleriň, dürli kärleriň wekillerini birleşdirip, umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, her bir raýatyň ýurduň ösüşine goşant goşmagyna giň mümkinçilik döredilýär. Häzirki wagtda Halk Maslahaty diňe bir döwlet dolandyryşynyň möhüm bölegi bolman, eýsem, milli döwletlilik ýörelgelerini indiki nesillere geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Ol ýaşlarda watançylygy, milli buýsanjy kemala getirmäge ýardam berýär. Milli demokratik ýörelgelere esaslanýan her bir oýlanyşykly başlangyçlary, uzak geljege gönükdirilen özgertmeleri bu günki gün tutuş türkmen halky tüýs ýürekden goldaýar. Munuň özi ýurdumyzyň köptaraply ösüş gazanmagyna, ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, syýasy taýdan durnukly, demokratik ýurt hökmünde dünýäde eýeleýän ornuny has-da pugtalandurmaga itergi berýär. Türkmen halky «Ulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi», «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter», «Atalaryň ýoly — altyn ýol, ony söýen Watany söýer», «Nesilleriň gaýraty — iliň-günüň myradydyr» ýaly pähim-parasatlardan ugur alyp, ýaşlaryň röwşen ykbalyna gönükdirilen asylly işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere ýaşlaryň mynasyp goşant goşmaklary bolsa aýratyn guwandyryjydyr.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.