Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň ykbalynyň galkynýan ajap eýýamydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli beýik işler täze taryhy eýýama altyn harplar bilen ýazylýar. Halka daýanyp halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işler bolsa hemişe rowaçlyga ýardyr. Her bir başy başlanan taryhy işler berkarar döwletimizde halk bilen maslahatlaşyp durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklary hem-de Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýan belent wezipelerine laýyklykda, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bellenildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany diýlip yglan edilen ýylda uludan toýlanjak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçiriljek taryhy maslahatda halk bähbitli çözgütler kabul ediler. Halk Maslahaty-bagtyýar geljegimiziň aýdyň ýoludyr, halkymyzyň baş buýsanjydyr. Şundan ugur alanymyzda, indi her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu umumymilli forum il-ýurt bähbitli durmuşa geçirilýän beýik işleriň badalgasydyr. Taryhy mejlisde her ýyl ýurdumyzda amala aşyryljak döwletli tutumlar hakynda geňeş edilip, halka sala salnyp, binäçe çözgütler kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan belent wezipelerine laýyklykda häzirki wagtda Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça jemgyýetçilik guramalary tarapyndan wagyz-nesihat duşuşyklary guralýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy orunlary eýeleýän hususy telekeçileriň arasynda wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli alyp barýar. Bilşimiz ýaly, kabul edilen Döwlet maksatnamalarynda ýerine ýetirilýän işleriň aglaba bölegi hususy telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda iş alyp barýan türkmen telekeçileri Halk Maslahatyna uly taýarlyk görýärler. Şanly toýumyzy mynasyp garşylamak üçin netijeli işler alyp barýarlar. Döwrüň bedew batly ösüşleri telekeçilerimiziň joşgunly zähmetinde aýdyň duýulýar. Telekeçilerimiziň joşgunly zähmetini höweslendirmek, Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Şu ajýyp pursatda halkymyzyň bagtyýarlygy ýurdumyzyň beýik geljegi ugrunda döwletli tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyuzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.