Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW BATLY ROWAÇLYKLAR

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň buýsançly günlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly sepgitleri, syýasy-ykdysady rowaçlyklary we medeni-ruhy dabaralanmalary barha belentliklere göterilýär. Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda parahatçylyk söýüjiligiň, durnukly ösüşi bedew bady bilen ylhamly öňe barýan mukaddes mekanyna öwrüldi. Bu beýik döwrebaplygyň, ykdysady hem-de jemgyýetçilik-syýasy ösüşleriň gözbaşynda bolsa Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli, ylmy esaslara daýanýan we öňden görüjilikli döwlet syýasaty dabaralanýar. Türkmen halky taryhyň ähli eýýamlarynda diňe bir döwre we halka sazlaşykly medeniýet döretmek bilen çäklenmän, eýsem bütindünýä siwilizasiýasynyň syýasy gurluşyna düýpli täsir eden beýik imperiýalary we guramaçylykly döwletleri esaslandyran halkdyr. Oguz han atamyzyň mukaddes öwüt-ündewlerinden gözbaş alýan milli döwletlilik ýörelgelerimiz taryhyň dowamynda Beýik Seljuklar, Horezmşahlar, Gara goýunly we Ak goýunly türkmen döwletleri ýaly ýetmişden gowrak beýik döwletlilik ulgamlarynda özüniň kämil dabaralanmasyny tapypdyr. Türkmeniň döwletlilik taryhyny, milli mentalitetini we harby-syýasy kuwwatyny behişdi Ahalteke bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Gadymy arap taryhçysy Al-Jahiziň, hytaý taryhy ýazgylarynyň, Marko Polonyň hem-de Armeni Wamberiniň haýranlyk bilen belleýişleri ýaly, türkmen halky bedew at bilen sazlaşyp öz ykbalyny döreden, aty maşgala agzasy we syrdaşy saýan halkdyr. Dünýä atçylyk medeniýetiniň altyn täji bolan Ahalteke bedewi — gözelligiň, çydamlylygyň, wepalylygyň we päk zähmetiň kämil nyşanydyr. Şu günki gün Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn sarpasy hem-de aladasy netijesinde, Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä giňişliginde täze basgançaklara göterilýär. Bütindünýä sirk sungatynyň we atly sportuň taryhyny täzeden ýazan «Galkynyş» milli atly sport oýunlary toparynyň Russiýa Federasiýasynda, Monakoda, Italiýada, Hytaýda, şeýle hem Katarda geçirilen Bütindünýä atçylyk çempionatynda gazanan taryhy ýeňişleri milli buýsanjymyzyň dünýä derejesindäki dabaralanmasydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň öňi syrasynda sentýabr aýynda Niderlandiýa Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek Ahalteke bedewleriniň halkara bäsleşigi hem, türkmen seýisçilik mekdebiniň, seleksiýa gazanmalarynyň hem-de medeni diplomatiýamyzyň Ýewropa giňişligindäki nobatdaky uly syýasy-medeni üstünligi boljakdygana ynanýarys. Taryhy köklerimizden gözbaş alýan nepis milliligimiz, ajaýyp bedewlerimiziň bedew bady we döwletimiziň ykdysady kuwwaty Parahatçylygyň, Rowaçlygyň hem-de Belent Sepgitleriň bütewi bir sazlaşygyny döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz täze ösüşlere we belent sepgitlere tarap bedew bady bilen ynamly öňe ilerleýär! Halkymyzyň taryhy döwletlilik ýörelgelerini, milli mirasymyzy, behişdi Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä giňişliginde dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy we belent sarpamyzy beýan edýärin! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen täze galkynyşlara, il-günümizi bagtyýar we milli rowaçlyklara alyp barýan Milli Liderimiziň we Döwlet Baştutanymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutumly işleriniň, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Baýram ÇARYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni.