Häzirki wagtda Türkmenistan ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny yzygiderli pugtalandyrýar hem-de döwrebaplaşdyrýar, halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döredýär. Şu jähetden, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Çäginden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistany irki döwürlerde hem «Ýedi ýoluň çatrygy» diýip atlandyrypdyrlar. Bu gün bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz sebitiň, tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak üçin ulag ulgamynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär. Şundan ugur alsak, Aşgabat — Türkmenabat awtobany Diýarymyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly kemala geldi. Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi, döwletimiziň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşynda belleýşi ýaly, döwrebap ýoluň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Munuň özi türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ýol gurluşygy babatda öndürijilikli zähmet çekýändigini görkezýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemaýat-goldawlary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de höweslendirmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Bazar şertlerindäki bäsleşikli ýagdaýlarda hereket etmäge doly ukyply, durnukly önümçilik ýagdaýlaryny döwrüň talaplaryna görä gurap bilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli bazarlaryň isleglerini ýeterlik derejede kanagatlandyrmakda yhlasly zähmet çekýärler. Ýeri gelende bellesek, uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyryldy. Halkara derejeli bu ýol alty sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler gurnaldy. Bularyň ählisi awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmaga hem-de ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Awtobanlar tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýär. Munuň özi ýokary tizlikli ýoluň halkara talaplara we kadalara doly laýyk gelýändigini bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Görnüşi ýaly, ösüşiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Ulag pudagynyň işi üçin täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, ykdysady işler kämilleşdirilip, ulag işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy döredildi. Soňky ýyllarda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde aýgytlaýjy orun eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny ýurdumyzyň paýtagty bilen birleşdirýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün edýär. Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukyby, logistik hyzmatlaryň hili ep-esli ýokarlanýar. Ol sebitleriň ösmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna güýçli itergi berýär.
Ogulbeg ANNAORAZOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.