Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MILLI MEDENIÝETIŇ GÜLLEÝÄN ÝURDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge, dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Sungat ynsan kalbynyň gudratydyr» diýen parasatly sözleri bu günki gün milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine ruhlandyrýan ajaýyp şygara öwrüldi. Aýdym-saz, çeper döredijilik, sungat bularyň ählisi ynsan kalbyna ylham bagyşlaýan, joşgun paýlaýan gudratdyr. Ýeri gelende bellesek, medeniýet, sungat işgäriniň kalbyndaky zehin, ukyp-başarnyk Beýik Biribar tarapyndan eçilýär. Şol zehini, ukyp-başarnygy kämilleşdirmek bolsa şeýle bagta mynasyp bolan ynsanyň paýyna düşýär. Berkarar döwletimizde her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylda giňden bellenip geçilýän bu baýramçylygyň öňýanynda medeniýet hepdelikleriniň guralýandygyny hem buýsanç bilen bellemek möhümdir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 22-27-nji iýunynda Medeniýet hepdeligi goja Hazaryň kenarynda – Balkan welaýatynda dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, medeniýet milletimiziň mertebesidir, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlygydyr. Türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny ösdürmekde ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr. Onuň çäklerinde guralýan döredijilik agşamlarynyň, baýramçylyk konsertleriniň, maslahatlaryň we beýleki medeni-köpçülik çäreleriniň dowamynda medeniýet we sungat işgärleri özleriniň täze döredijilik eserleri bilen halkymyzy begendirýärler, tejribe alyşýarlar. Bu bolsa hepdeligiň baý many-mazmunly çäreler bilen utgaşmagyna ýardam edýär. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň şanly toýy bilen birlikde ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem giňden bellenip geçilýär. Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda ýurdumyzda we halkara derejesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenip geçildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp goşgusy bilen adybir ýylyň şygary akyldar şahyryň döredijilik mirasyny halkara derejede öwrenmäge we wagyz etmäge aýratyn ruhy joşgun bagyşlady. Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň durmuşymyzda nakyla öwrülip gidendigini hem buýsanç bilen bellemelidiris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy giňden wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dürli ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagy, halkara festiwallarda, ýaryşlarda türkmen sungatynyň ýaşajyk wekilleriniň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy türkmen sungatynyň dünýä dolýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyz özüniň geografik ýerleşişi boýunça örän amatlydyr. Şeýle hem eziz Diýarymyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň yzlarynyň bolmagy uzak geçmişde ata Watanymyzyň iri ylym-bilim merkezleriň biri bolandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzdaky birnäçe taryhy ýadygärlikleriň – Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini aýratyn bellemek möhümdir. Bu bolsa türkmen topragynyň iri medeni merkezleriň biri hökmündäki ornunyň dünýäde pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Geçmişde uly yz galdyran taryhy ýadygärlikleri bilen jahankeşdeleri özüne çeken gadymy hem-de müdimi topragymyzyň syýahatçylyk babatda hem örän amatly şertleriniň bardygyny bellemelidiris. Geçmişe zyýarat, geljege syýahat – bu her bir ynsanyň kalbyndaky baş arzuwy. Iri syýahatçylyk mümkinçiliklerine eýe bolan türkmen topragynda soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini syýahatçylyk babatda hususy telekeçilerimiziň alyp barýan döwletli işlerini nygtamak bolar. Syýahatçylary çekmek bilen hem türkmen topragy özüniň baý medeni mirasyny, köp öwüşgünli sungatyny dünýä tanadýar. Bu günki şeýle ajaýyp şertleri döredip, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uludan toýlamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hususy pudagyň bagtyýar wekilleri tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Pursatdan peýdalanyp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri diňe üstünliklere beslensin!

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.