Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK AKYLDARYŇ SARPASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda at-abraýy dünýä dolýan ata Watanymyzda dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. Beýik akyldaryň her bir setirini, her bir jümlesini kalbyna ýakyn saýýan halkymyz onuň şygryýet baýramyny giňden we dabaraly belleýär. Çünki şahyryň edebi mirasy halkymyz üçin gymmatly hazynadyr. Ol pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlaryny kalbynyň töründe sünnäläp, halkyna peşgeş galdyrdy. 

Halkyň asyrlar boýy kalbynda beslän mukaddes arzuwlaryny, milli gymmatlyklaryny we agzybirlik ugrundaky göreşini goşgy setirlerine siňdiren beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – türkmen halkynyň ruhy sütünidir. Pyragynyň öňdengörüjilikli, pelsepewi garaýyşlarynda asyrlar aňyrsyndan yzlanan azat, garaşsyz we kuwwatly döwlet gurmak ugrundaky arzuwlar, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe doly görmek bolar. 

Ajaýyp zamanamyzda akyldaryň halkyň durmuşyny beýan edip, ýüreginden çykan sözleri, öwüt-ündewleri durmuş pelsepämize öwrülip, kalbymyza nur paýlaýar. Şahyryň «Türkmeniň» diýen goşgusyny okap ugranymyzdan, Jeýhun bilen bahry-Hazaryň arasynda ýaýylyp ýatan gözel ülkämiziň keşbi biygtyýar göz öňüňe gelýär. Gülzara beslenen eziz Diýarymyzyň gül keşbini synlanyňda, beýik ösüş-özgertmeler baradaky arzuw-islegler kalbyňy heýjana getirýär. Şol joşgun: «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar türkmen döwleti häzirki täze taryhy döwürde ösüşleriň ak ýolunda bedew bady bilen ynamly öňe barýar» diýmäge doly esas berýär. Dana şahyrymyz türkmen iliniň bir supranyň başynda jemlenmegi barada pikir ýöreden bolsa, ajaýyp zamanamyzda giňden ýazylýan supranyň başyna çeper söze, agzybirlige, asudalyga, päklige, halallyga sarpa goýýan halklaryň ählisi ýygnanýar. Çünki ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilikli ýurt hökmünde dünýä ýüzünde tanalýar. Türkmen topragynda toýlanýan toýlaryň, baýramlaryň dury akabasy dost-doganlyga, jebislige birigýär. Bu bolsa türkmen halkynyň mertebesini has belende galdyrýar. 

Beýik şahsyýetlerimiziň döredijiligini dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolup beýik işleri üstünliklere beslensin!

Gülsoltan ALLAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.