Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

MILLI MIRASYŇ -DABARALANMASY

Şu gün türkmen sungatynyň, edebiýatynyň we medeniýetiniň görnükli wekilleriniň jemlenen gadymy Balkan topragynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Medeniýet hepdeligi dabaraly ýagdaýda badalga alar. Bu waka diňe bir medeni çäre däl, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ruhy barlygynyň, medeni kuwwatynyň dabaralanmasydyr. Ata Watanymyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, halkymyzyň baý ruhy mirasyny düýpli öwrenmek hem-de ony dünýä derejesinde wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi, döwrüň talabyna laýyk gelýän kämil eserleri döretmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede, milli mirasymyz bu gün dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny baýlaşdyrýan umumadamzat gymmatlygyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, «Medeniýet hepdeligi medeniýet toplumynyň agzybir işgärleriniň göwünlerini galkyndyrýan, döwletimiziň döredijilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrýan sungat baýramydyr». Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, 22 — 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynyň taryhy çäklerinde geçiriljek çäreler milli sungatymyzyň ösüşine, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyna hem-de halkara medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. Hepdeligiň maksatnamasy dürli ugurly medeni-köpçülik çärelerini özünde jemleýär. Hususan-da, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň açylyş we ýapylyş dabaralary, şeýle-de sungatyň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek çykyşlar milli gymmatlyklarymyzyň baý mazmunyny açyp görkezer. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ylmy-amaly maslahatlaryň, halkara derejeli sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň we edebi agşamlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de hepdeligiň dowamynda tomaşaçylara täze sahna oýunlary, milli kino sungatymyzyň eserleri hödürlenilip, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener. Halkymyzyň ruhy-medeni ösüşiniň täze belentliklerini alamatlandyrýan bu giň gerimli çäreler taryhy mirasymyzy ylmy esasda düýpli öwrenmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, milli sungatymyzy dünýä derejesinde wagyz etmäge ýardam berýär. Şeýle-de, ussatlar bilen ýaş zehinleriň arasyndaky halypa-şägirtlik ýoluny berkidip, jemgyýetimiziň watançylyk ruhuny, dünýägaraýşyny we döredijilik ylhamyny has-da baýlaşdyrar. Umuman alanyňda, bu köptaraply çäreler milli medeniýetimiziň bitewüligini berkitmäge, halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga we ýurdumyzyň medeni abraýyny dünýä giňişliginde dabaralandyrmaga gönükdirilen kuwwatly guraldyr. Balkan welaýaty gadymy döwürlerden bäri özüniň baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen tanalýar. Bu welaýatyň taryhy ýadygärlikleri, tebigy gözellikleri we häzirki zaman ösüşleri baradaky maglumatlaryň wagyz edilmegi hepdeligiň gerimini has-da giňelder. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guralýan her bir çäre bagtyýar raýatlaryň watançylyk ruhuny artdyrmaga, ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine galkyndyrmaga ýardam berýär. Jemläp aýdanymyzda, bu dabaraly hepdelik medeniýetimiziň şan-şöhratyny artdyrmaga, milli mirasymyzy geljek nesillere ýetirmäge we ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge mynasyp goşant goşar. Bu sungat baýramy medeniýetiň we sungatyň ýurdumyzyň ösüşinde, jemgyýetiň ruhy kämilleşmeginde hemişe uly güýç bolup galjakdygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.