Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

YLYM, ÖNÜMÇILIK, DURNUKLY ÖSÜŞ

Häzirki döwürde islendik döwletiň durnukly ösüşiniň, ykdysady kuwwatynyň binýady ylym bilen önümçiligiň netijeli arabaglanyşygyna baglydyr. Ylmyň gazananlaryny, düýpli açyşlary we innowasiýalary önümçilige ornaşdyrmak diňe bir ykdysady ösüşi çaltlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy hem kesgitleýär. Türkmenistanda hem ykdysady özgertmeler berk ylmy esaslara daýanýar. Ylym bilen önümçilik bir-biriniň üstüni ýetirýän iki sütün bolup, olaryň arasyndaky arabaglanyşyk «ylmy gözleg — innowasion tehnologiýa — önümçilik — taýýar önüm» zynjyry arkaly amala aşyrylýar. Nazary ylmyň netijeleri önümçilikde synagdan geçirilip, anyk harytlara we hyzmatlara öwrülende, ykdysady gymmatlyk döreýär. Innowasiýalaryň ykdysady ösüşe ýetirýän täsiri birnäçe esasy ugurlarda ýüze çykýar. Zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy şolaryň ilkinjisidir. Täze tehnologiýalar önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmaga we sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Serişdeleriň rejeli ulanylmagy ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygynyň getirýän oňyn netijeleriniň ýene biridir. Energiýa we çig mal tygşytlaýjy innowasion usullar önümiň özüne düşýän gymmatyny peseldýär. Innowasiýalar has ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýardam edýär. Ýokary tehnologiýaly önümler halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar we ýurduň eksport kuwwatyny artdyrýar. Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony önümçiligiň durnukly ösüşi bilen baglanyşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ylmyň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-gözleg merkezlerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin möhüm ähmiýeti bolan ylmy barlaglar alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Diýarymyzda innowasion we sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary amala aşyrylýar. Hususan-da, ýurduň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz, himiýa, oba hojalyk we suw serişdelerini ylmy esasda gaýtadan işlemek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmeginde we innowasiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem uly orun degişlidir. Häzirki döwürde hususy pudagyň wekilleri diňe bir dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden taýýar tehnologiýalary satyn almak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli şertlere laýyk gelýän innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga hem uly ähmiýet berýär. Telekeçileriň bu ugurdaky tejribeleri, esasan, agrosenagat, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak, senagat we gurluşyk, sanlylaşdyrma ýaly ugurlarda has aýdyň görünýär. Oba hojalygynda suw serişdelerini tygşytlaýan damjalaýyn suwaryş ulgamlary, innowasion ýyladyşhanalar we tebigy esasly dökünleriň önümçiligi ileri tutulýan ugurlardyr. Senagat we gurluşyk pudagynda ýerli çig mallardan dünýä standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk hem-de himiýa önümleriniň önümçiliginde ylmy usullar giňden ulanylýar. IT pudagynda ýerli düzümler tarapyndan elektron söwda, logistika we önümçiligi dolandyrmak üçin programma üpjünçilikleri yzygiderli işlenip taýýarlanylýar. Milli ylym-bilim ulgamynyň ösmeginde, innowasiýalaryň döwlet derejesinde goldanylmagynda we halkara giňişlikde ylmy diplomatiýanyň berkidilmeginde hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandy örän uludyr. «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak boýunça başyny başlan asylly işleri dowam etdirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adyna eýe bolmagy halkymyzyň göwnüni ganatlandyran buýsançly wakadyr. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmak, ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmek, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmak babatda alyp barýan asylly işleriniň belent ykrarnamasydyr. Ylym bilen önümçiligiň bitewi we sazlaşykly zynjyryny döretmek Türkmenistany uzakmöhletleýin esasda durnukly ösdürmekde strategik maksatlaryň biridir. Döwletimiziň alyp barýan syýasaty, ýerli telekeçileriň innowasion işjeňligi we hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyny, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyny üpjün edýän esasy şertlerdir. Durnukly ösüşi nazarlaýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işleri ylmy esasda alyp barmak, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda asylly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.