Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Türkmenistanyň ylym, bilim we innowasiýa ulgamlarynyň düýpli özgertmelere eýe bolýan, jemgyýetiň intellektual kuwwatynyň dabaralanýan durnukly ösüş döwridir. Ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän Ylymlar güni milli ylmyň gazananlaryny jemlemek, geljekki ösüşleriň ugurlaryny kesgitlemek we jemgyýetiň ylmy-intellektual derejesini belentlige götermek üçin taryhy ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda innowasion ylmyň we döwrebap ylym-bilim düzümleriniň kämilleşdirilmegi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli ösdürilýän giň mümkinçilikleriň netijesidir. Ýaşlaryň dünýä standartlaryna laýyk gelýän bilim almagy, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmagy hem-de halkara derejeli ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi.
Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz minnetdarlygymyz we buýsanjymyz kalbymyzda hemişelik orun tutýar. Iki beýik şahsyýetiň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýaş alymlaryň barlaglary döwlet tarapyndan goldanylýar, Ylymlar akademiýasynyň barlag institutlarynyň maddy-tehniki binasy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen tejribe alşylýar.
Ylym bilen meşgullanyp, onuň esasynda bir açyş etmegiň özi geljegimiziň açary bolup durýar. Çünki ylmyň üsti bilen adamyň durmuşy özgerýär, döwrebaplaşýar. Dünýä ähmiýetli işleriň çözgüdini tapýan ylmy taslamalar ähli adamlar üçin örän derwaýys bolup durýar. Şol sebäpli bütindünýäde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da ylyma uly üns berilýär.
Eziz Diýarymyzda ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy-barlag institutlarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ýylyň-ýylyna mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda ylmy-döredijilik, taslama, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikleriniň geçirilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge, ylmy dünýägaraýşyny we intellektual kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilip geçilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da bu sene taryhy wakalara baý boldy. Ýagny, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy. Bu ýokary derejeler döwlet Baştutanymyzyň ykdysady we syýasy ylymlar, dünýä geosyýasaty, sebitara hyzmatdaşlyk hem-de durnukly ösüş konsepsiýalary boýunça amala aşyran düýpli ylmy-barlaglarynyň, täzeçil ylmy we amaly tagallalarynyň dünýä derejesindäki ýokary ykrarnamasydyr. Munuň özi bütin türkmen ylmynyň taryhynda täze sahypany açandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu guwançly waka ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini, aýratyn hem ylym ýoluna gadam basan ýaşlary täze açyşlara we belent sepgitlere ruhlandyrýan iň uly ylham çeşmesidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasat diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem bütin adamzat bähbitli häzirki zaman ylmynyň ösüşini hem şertlendirýär. Ýurdumyzyň häzirki zaman ylmyna uly goşant goşan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bitiren ägirt uly işlerine berlen mynasyp bahadyr.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýeti ylmyň soňky gazananlary bilen berk baglanyşykly ýokary depginler bilen ösdürmäge, aýratyn hem jemgyýetimiziň ylmy-intellektual mümkinçiligini artdyrmaga strategik ähmiýet berýär. Şonuň üçin sanly ykdysadyýet, emeli aň, maglumat howpsuzlygy we innowasion tehnologiýalar boýunça ylmy işläp taýýarlamalar ösdürilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ylmy beýik maksatlara hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň saýlap alan ylym-bilim ýoly Türkmenistanyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň berk kepilidir. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň döwür bilen aýakdaş gitmegi, sowatly, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun! Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy hem-de professor alymlyk adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Gözel GURBANOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň jogapkär işgäri.