Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini täze belentliklerine tarap öňe sary alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň syýasy ylymlarynyň doktory hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adyna mynasyp bolmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Bu waka diňe bir ylmy jemgyýetçilik üçin däl, eýsem tutuş türkmen halky üçin taryhy ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasy häzirki zaman ylmy çemeleşmelere, innowasion ösüş ýörelgelerine we milli bähbitlere esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de döwlet dolandyryşynyň netijeligini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler onuň çuňňur ylmy garaýyşlaryň aýdyň beýanydyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ösüşiniň durnukly häsiýete eýe bolmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, sanly ykdysadyýetiniň ösdürilmegi we hususy pudagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi döwlet Baştutanymyzyň ykdysady ugurdaky ylmy esasly strategiýasynyň netijesidir. Şonuň bilen birlikde, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasat dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha eýe bolýar.
Syýasy ylymlaryň doktory alymlyk derejesiniň dakylmagy Hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyryşy, halkara gatnaşyklar, jemgyýetçilik ösüşi we milli döwletlilik meseleleri boýunça alyp barýan ylmy işleriniň ýokary ykrar edilenligini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy garaýyşlary häzirki döwrüň möhüm syýasy meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga, döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmegine we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine gönükdirlendir.
Ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi hem döwlet Baştutanymyzyň ylmy işine berlen ýokary bahadyr. Professor derejesi diňe bir ylmy üstünlikleri däl, eýsem täze nesil hünärmenleri taýýarlamakda, ylmy mekdepleri döretmekde we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanylan üstünlikleri hem öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda döwrebap bilim edaralary gurlup, ylmy barlag işleriniň gerimi giňeldilýär, ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär.
Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler halkara ülňülere laýyklykda ösdürülip, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu işler ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmaga, ylmyň önümçilik bilen arabaglanşygyny berkitmäge we ykdysady ösüşiň täze çeşmelerini döretmäge hyzmat edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň syýasy ylymlaryň doktory hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adyna mynasyp bolmagy ylmyň, bilimiň we döwlet dolandyryşynyň özara sazlaşykly ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Bu ýokary sylaglar türkmen halkynyň milli ösüş ýolunyň nusgalykdygyny, döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda ynamly öňe barýandygyny tassyklaýar.
Biz, türkmen halky, Hormatly Prezidentimizi bu ýokary alymlyk derejeleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Goý, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan mundan beýläk hem ösüşleriniň we üstünlikleriniň täze belentliklerine beslensin! Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris!
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.