XXI asyrda ylym islendik ýurduň dünýäde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagynyň, ähli babatda sazlaşykly ösmeginiň derwaýys şertidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlara, ylmy çemeleşmelere esaslanýan öňdengörüjilikli syýasaty, wajyp ykdysady meselelere hem-de olaryň çözgüdine giňişleýin garaýyşlary Türkmenistanyň köpugurly kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň ähli babatda dünýä gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna giň ýol açýar. Eziz Diýarymyzda ylma we tehnologiýalara şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlyk hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Bu ugurlaryň ählisi ylmy taýdan esaslandyrylan berk binýada daýanýar. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, forumlar, ylmy bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary derejede geçirilýär. Ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek esasynda iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli häsiýete eýe bolýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň giňden bellenilýän ýylynyň Ylymlar gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň hem-de Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgütlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi bütin halkymyzyň buýsandyran wakadyr. Bu çözgütler döwlet Baştutanymyzyň häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bitiren ägirt uly işlerine berlen mynasyp bahadyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze senagat pudaklaryny döretmek, iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda köpugurly ylmy barlaglar alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplary eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyny, halkymyzyň adamzat siwilizasiýasyna goşant goşan medeni-taryhy mirasyny, beýik şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny täzeçil ylmy nazaryýetler esasynda öwrenmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi Türkmenistany ylmyň we bilimiň barha rowaçlanýan ýurdy hökmünde dünýä tanadýar.
Bu günki gün ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, iň täze kompýuter we multimedia tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanýan döwrebap okuw mekdepleriniň giň toruny döretmäge, bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak, öz halkynyň taryhyny bilýän, döwletimiziň gazanýan üstünliklerine buýsanýan watansöýüji nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy hem-de professor alymlyk adynyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.