Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

YLYM – BAGTYŇ ÇYRAGY

Ynsan ömrüniň manysy onuň öwrenen, bilen zatlary bilen aýrylmaz baglydyr. Adam dünýä inen gününden bäri älemiň ähli zatlaryny öwrenmäge, bilmäge bolan ymtylyş bilen ýaşaýar. Ylym şol gyzyklanmalaryň, ymtylmanyň anyk çözgüdidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Ylymlar akademiýasynyň akademigi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy açyldy. Şol döwürden türkmen ylmynyň ösüşli we ganatly menzilleri başlandy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň açylmagy bilen ýurdumyzda doktorantura, aspirantura we kliniki ardinatura dalaşgärleri kabul etmek işleri giň gerimde alnyp baryldy we bu işler häzirki wagtda hem yzygiderli dowam etdirilýär. 

Halkymyzda «Ylym bagtyň çyragydyr» diýen paýhasly jümle bar. Irki döwürlerden bäri biziň ilimizde ylymly, bilimli adamlara aýratyn uly hormat goýlupdyr. Bilimi zor, ylymly adamlara «Halypa, dana, ussat» diýlip ýüzlenilipdir. Bu bolsa ylym adamlarynyň işine uly hormat bilen garalandygyna şaýatlyk edýär. 

Türkmen halkynyň ylma garaýyşynyň kämil derejelere ýetendigine taryh şaýatlyk edýär. Merw, Köneürgenç, Parfiýa we Osman türkmen döwletleriniň çäklerinde dürli ylymlary öwrenýän merkezleriň hereket edendigi barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Hakyda göwheri» ýaly ajaýyp kitaplarynda giňişleýin beýan edilýär. Bellenilişi ýaly, Merwiň kitaphanasynda, Köneürgenjiň abserwatoriýasynda ylmy gözlegleriň alnyp barlandygy barada taryh gatlarynda täsirli maglumatlara duşmak bolýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» kabul edilmegi ylym ulgamynyň ösdürmek babatynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem her ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 12-nji iýunda ýurdumyzda Ylymlar gününiň giňden bellenip geçilmegi indi asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uludan toýlanýan Ylymlar gününiň öňýanynda syýasy ylymlaryň doktory, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademigi hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor diýen alymlyk derejesiniň we adynyň gowşurylmagy ähli halkymyzy, şol sanda bagtyýar telekeçileri hem diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Hoş habaryň dünýä dolan ýakymy kalbyňa egsilmez buýsanç bagyşlaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işleri, ýurdumyzy syýasy we ykdysady taýdan galkyndyrmak ugrunda kabul edýän Döwlet Maksatnamalary bu günki özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Gysga wagtyň içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanan ýokary görkezijileri bu aýdylanlara şaýatlyk edýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň hususy pudagynyň öňünde goýlan belent wezipeleriň, gazanylan ösüşleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň durandygyny agzaman geçmek bolmaz. Hut şonuň üçin hem döwlet Baştutanymyza Ylymlar gününiň uly dabaralara beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Ýokary Attestasiýa komiteti tarapyndan berlen ylmy derejeler we atlar her birimiziň toý şatlygymyzy arşa göterdi. 

Milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýylda ýaş alymlaryň arasynda Ylmy işleriň bäsleşiginiň geçirilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginde ýeňijileriň kesgitlenip, olara Hormatly Prezidentimiziň adyndan şahadatnamalaryň we gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmäge aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň uly üstünliklere hem-de rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ylymlar güni uludan toýlanýar. Ýurdumyzda ylmy işgärleri goldamak, ylmy işleri taýýarlamak we döwlet tarapyndan bellige almak, höweslendirmek boýunça degişli kanunçylyk namalary hereket edýär. Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň innowasiýalar bilen utgaşdyrylýandygy diýseň buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehniki parkynyň döredilmegi ylmy işleri innowasion usulda alyp barmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikleriň biridir. Bu bolsa ähli alymlary, şol sanda geljegine uly umyt baglanýan ýaş alymlary täze ylmy gözleglere hem-de çemeleşmelere höweslendirýär. 

Ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berýändigi üçin bagtyýar halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir. Eziz Diýarymyzda uludan toýlanýan Ylymlar güni bilen alym Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.