Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ylym-bilim ulgamy jemgyýetiň kämilleşmeginiň we ykdysady ösüşiň iň esasy sütünleriniň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň innowasiýalara we ýokary tehnologiýalara daýanýan täze nusgasy döredilip, ylmyň gazananlaryny önümçilige we durmuş ulgamlaryna ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler ýaşlaryň ylyma bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, ýurduň intellektual kuwwatyny hem has-da berkitmäge hyzmat edýär.
Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda Ylymlar gününiň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi türkmen jemgyýetinde ylyma goýulýan uly sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Bu baýramçylyk diňe bir ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi bilen çäklenmän, eýsem, ýyl boýunça ýerine ýetirilen ylmy-barlag işleriniň jemini jemleýän, täze açyşlary we taslamalary jemgyýete tanyşdyrýan möhüm menzildir. Ylymlar gününiň çäklerinde geçirilýän halkara maslahatlar, ýaşlaryň arasyndaky ylmy bäsleşikler täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkara ylmy hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Häzirki zaman dünýäsinde diňe bir nazaryýet bilen çäklenýän ylym ähmiýetini ýitirýär. Ylmy nazaryýetiň tejribä ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şol sebäpli hem Türkmenistanda ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary we ýokary okuw mekdepleri önümçilik kärhanalary, şol sanda hususy pudak bilen ysnyşykly iş alyp barýar. Esasan-da, nebitgaz, himiýa, oba hojalygy we dokma senagatynda ylmy taýdan esaslandyrylan usullary ulanmak arkaly önümleriň hili ýokarlandyrylýar. Türkmen alymlarynyň ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary we tehnologiýalary önümçilikde ulanylyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornyny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürmäge ýardam edýär.
Ykdysadyýetiň hususy pudagynyň, ýagny telekeçiligiň çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman şertlerinde ylmyň ähmiýeti has-da artýar. Döwrebap telekeçilik diňe bir söwda-satuw işi bolman, eýsem, innowasiýalara daýanýan önümçiligiň we hyzmatlaryň ösdürilmegine daýanýar. Türkmen telekeçileri bäsdeşlige ukyply bolmak we halkara bazarlara çykmak üçin ylmyň gazananlaryndan netijeli peýdalanýarlar. Ylmyň netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalar önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrmagyň we sanlylaşdyrmak işiniň netijeliligini artdyrýar. Täze işläp taýýarlamalar, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz we energiýa tygşytlaýjy ylmy tehnologiýalar telekeçilere çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Bazaryň isleglerini, sarp edijileriň endiklerini we zerurlyklaryny ylmy esasda seljermek telekeçilere töwekgelçilikleri azaltmaga we dogry strategiýalary gurmaga kömek edýär.
Hususy pudagyň ylmy ösdürip, ösüşiň täze derejesine çykmak ugrundaky işleriniň anyk mysaly hökmünde ýurdumyzyň işewür düzümlerini birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gatnaşmagynda Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagyny görkezmek bolar. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda telekeçileri taýýarlamak işi diňe işewürlik mekdepleriniň derejesinde amala aşyrylan bolsa, ýöriteleşdirilen halkara uniwersitetiň döredilmegi bilen, bu ugurdaky işleri düýbünden täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Täze bilim ojagynda geljekde ýaş hünärmenleriň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önümçilik kärhanalary bilen göni aragatnaşyk saklap, halkara ülňülerine laýyklykda innowasion usulda dolandyryşy we sanly dolandyryş işini ýola goýmak, akylly tehnologiýalar boýunça elektron harytlary, ýerli çig mallara daýanýan oba hojalyk önümlerini, azyk önümlerini öndürmek boýunça okuw-tejribelik hyzmatdaşlygyny alyp barmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi bilimi, ylmy barlaglary hem-de innowasion telekeçiligi utgaşdyrýan «uniwersitet 3.0» konsepsiýasyndan ýokary bilimiň geljekki nusgasy hasaplanýan «uniwersitet 4.0» konsepsiýasyna geçmäge itergi berer.
Türkmenistanda ylmyň ösüşi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir. Ylmyň, önümçiligiň, telekeçiligiň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky berk arabaglanyşyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüp, dünýäde bäsdeşlige ukyply bolmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek arkaly durmuş-ykdysady öňegidişliklere giň şert-mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.