Ähli döwürlerde halkymyz üçin iň ýokary gymmatlyklaryň hatarynda görlen saglyk we abadançylyk düşünjeleri her bir adam we tutuş jemgyýet üçin örän möhümdir. Her bir ynsanyň saglygy jemgyýetiň sagdynlygynyň güwäsidir. Sagdyn jemgyýet bolsa kuwwatly döwletiň berk binýadydyr. Garaşsyz ýurdumyzda her bir raýatyň saglygy we tutuş jemgyýetiň sagdynlygy babatda uly aladalar edilip, bu ugurda milli hem-de halkara derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmegi döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, degişli ulgamlaryň ösdürilmegi üçin maksatnamalaýyn işleri ýola goýdy. Milli Liderimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzyň her bir raýatynyň saglygy we jemgyýetiň sagdynlygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär.
Ýurdumyzda döredilen döwrebap sport binýadynyň netijeli peýdalanylmagy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi, şeýle hem halkara derejesinde goldaw tapýan möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmegi sagdyn jemgyýetiň berkarar edilmegini şertlendirýär. Watanymyzda geçirilen sebit we dünýä derejesindäki iri ýaryşlar, türgenlerimiziň halkara arenasynda gazanýan üstünlikleri, köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda geçirilýän sagdynlyk çäreleri munuň aýdyň mysalydyr. Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişliginde sport diplomatiýasyny ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen hem çykyş edýär. Ýurdumyzyň awtordaşlygynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 83-nji mejlisinde «Bütindünýä welosiped güni» hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Çünki bu ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hemmelere elýeterli we dolandyrylyşy örän ýeňil bolan welosipediň saglyga peýdalydygy köp sanly ylmy barlaglar tarapyndan subut edilendir. Welosiped sürlende, ynsanyň şähdi açylýar, bedene düşýän agram kadaly bolýar. Ýürek-damar we daýanç-hereket ediş ulgamlary sazlaşykly işleýär. Netijede, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukyby güýçlenýär. Welosiped sürlende ýerine ýetirilýän sazlaşykly hereketler we kadaly dem alyş ýadawlygy çykarmagyň ajaýyp usulydyr.
Welosipediň ulag serişdesi hökmünde peýdalanylmagy diňe bir ynsan saglygy üçin däl, eýsem, daşky gurşawyň abadançylygy babatda hem örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürdäki ulag serişdelerini herekete getirmek üçin peýdalanylýan ýangyç ýakylanda kömürturşy gazy howa zyňylýar. Şol ýangyjy öndürmek üçinem köp energiýa sarp edilýär. Welosipedi herekete getirmek üçin bolsa adamyň diňe güýji ýeterlik. Şu nukdaýnazardan döwletimiz saglyk we ekologiýa babatda peýdaly ulag serişdesiniň meşhurlygyny barha artdyrmak boýunça tagallalary dowam etdirýär. 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň awtordaşlyk etmeginde öňe sürlen başlangyç esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany kabul etmegi munuň nobatdaky tassyknamasydyr.
Türkmenistanyň halkara derejedäki asylly başlangyçlary diňe bir öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary berjaý etmegiň nusgalyk göreldesini görkezmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasyp hakykatdyr. Muny tassyklaýan mysallar näçe diýseň bar. 2018-nji ýylda paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirilen welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagyna 3 müň 246 adam gatnaşdy. Şondan bir ýyl soň, Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Bu çäreleriň ikisi-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan «Welosiped» binasy bolsa ýurdumyzda welosiped sportunyň barha artýan meşhurlygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni giň gerimli dabaralara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweniniň başyny çekmegi ähli halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Müňlerçe ildeşlerimiziň, dürli kärde zähmet çekýän we dürli ýaşdaky adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen welosipedli ýörişe hususy pudagyň wekilleriniň hem gatnaşmagy jemgyýetiň jebisliginiň aýdyň nyşanydyr.
Şanly seneler mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişler halkymyzyň agzybirliginiň, jemgyýetimiziň jebisliginiň, ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýolunda öňe ilerlemeginiň nyşany hökmünde ildeşlerimiziň uly goldawyna eýe bolýar. Bu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan dabaralar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlyklara besläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan işlere buýsanýan halkymyzyň göwnüne ganat baglaýar. Halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň gülläp ösüşi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýnur KULIÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.