Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEÝIK ÝEŇIŞ – MIZEMEZ HATYRA

Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimiz üstünlikli amala aşyrylýar.

Dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýamyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Biz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda çykyş edip, ählumumy meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarys.

Adamzadyň taryhynda iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi elhenç söweşlerde janyny orta goýdular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Merdana ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941 — 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!» diýip, nygtaýyşy ýaly her bir adam öz ata watanyny gözüniň göreji ýaly gorap saklamalydyr. Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary,  merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-dilden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Geçmişiň şöhraty biziň şu günümiziň buýsanjydyr. 1941-1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli söweşlerinde Türkmenistanly gerçekleriň görkezen gahrymançylygyna, edermenligine baky hormat we edebi şöhrat bolsun!»

Hormatly Prezidentimiziň baýramyň öň ýanynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak barada Permana gol çekmegi ähli halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy. Türkmen halkymyz gahrymançylygyň, mertligiň-merdanalygyň, gadryny bilýän halk. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary bilen gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň hormatyna Diýarymyzyň ähli künjeklerinde her ýylyň 9-njy maýynda «Ýeňiş güni» baýramy uludan toýlanýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan gerçeklerimiz bolan uruş weteranlary hem-de ýalňyz ojaga wepaly enelerimiz ýurdumyz  üçin edýän çäksiz aladalary hem-de uruş weteranlaryna goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Tuwakgylyç WELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.