Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

WATAN GAHRYMANLARYNA BELENT SARPA

Her ýylyň 9-njy maýynda köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş dabaraly bellenilýär. Bu sene taryha diňe bir harby ýeňiş hökmünde däl, eýsem, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we watansöýüjiligiň dabaralanan güni hökmünde girdi. Bu mukaddes baýramçylyk söweş meýdanlarynda janyny gurban eden gahrymanlary ýatlamagyň, tylda gije-gündiz jan aýaman zähmet çekenleriň öňünde baş egmegiň nyşanydyr.

Türkmen halky urşuň ilkinji günlerinden başlap, Ýeňşe özüniň mynasyp goşandyny goşdy. Frontuň öňki hatarlarynda mertlerçe söweşen esgerlerimiz bilen bir hatarda, tylda galan gartaşanlar, aýal-gyzlar, hatda çagalar hem uly edermenlik görkezdiler. Türkmen gelin-gyzlarynyň goranyş gaznasyna müňlerçe kilogram altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrmagy bütin dünýä taryhynda seýrek duş gelýän jomartlygyň we Watana bolan söýginiň nusgasydyr.

Dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwürleriniň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllardaky basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida edip, bütin adamzat jemgyýetçiligi üçin öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. Gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň fronta meýletin gidip, söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezendikleri hem-de ýokary derejeli orden-medallar bilen sylaglanandyklary buýsançly hakykatdyr. Aldym-berdimli söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlarynyň «Hatyra» hem-de «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizilmegi bolsa merdana pederlerimiziň gahrymançylygyna uly hormatyň nyşanydyr.

Şu günki bagtyýar döwrümizde weteranlara we tylda zähmet çekenlere döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bu sogaply işlerde aýratyn işjeňlik görkezýär. Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda partiýamyzyň wekilleri we telekeçiler weteranlaryň öýlerine baryp, olaryň hal-ahwallary bilen gyzyklanmagy asylly däbe öwürdiler. Şanly senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak baradaky Permana gol çekmegi ähli halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy.

TSTP-niň guramagynda geçirilýän çäreleriň çäginde weteranlara we tylyň zähmetkeşlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Emma bu ýerde iň esasy zat maddy gymmatlyk däl-de, eýsem, olara goýulýan ruhy sarpa we ünsdir. Gahrymanlaryň uruş ýyllaryndaky ýatlamalaryny diňlemek taryhy hakykatyň nesilden-nesle geçmegine ýardam edýär. Mundan başga-da, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan weteranlaryň gahrymançylygyny wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. TSTP-niň wekilleri teleýaýlymlarda we metbugatda çykyş edip, Ýeňşiň ähmiýetini, parahatçylygyň gadyryny ýaş nesillere düşündirýärler. Gahrymanlaryň görkezen edermenligi ýaş telekeçiler üçin hem görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Olar merdana pederlerimizden zähmetde we durmuşda tutanýerli bolmagy, kynçylyklardan gorkman öňe gitmegi öwrenýärler. 

Beýik Ýeňiş — bu biziň umumy buýsanjymyzdyr. Watan goragçylarynyň we tyldaky zähmetkeşleriň gahrymançylygynyň wagyz edilmegi halkymyzyň agzybirligini berkidýär. Biz parahat asmanyň astynda ýaşap, döredip we gurup bilýändigimiz üçin şol gahrymanlara minnetdardyrys. Olaryň ady halkymyzyň ýüreginde ebedi ýaşar, bitiren beýik işleri bolsa geljekki nesilleri täze üstünliklere ruhlandyrar.

Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Altynaý AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.