Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda atşynaslyk işini kämilleşdirmekde, atçylyk sportuny ösdürmekde, bedewleriň tohumyny ýitirmän, ony nesilden-nesle aýawly gorap geçirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Türkmen ahalteke bedewleri geçirilýän toý-baýramlaryň, çäreleriň, ýaryşlaryň bezegidir. Atçylyk sportunyň konkur-at üstündäki oýunlaryň ýaýbaňlanmagy bilen türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda sportuň bu görnüşi boýunça uly üstünlikler gazanýarlar. Türkmen bedewiniň milli baýramy türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi, bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyzda türkmen bedewleriniň sarpasy we ykbaly has-da belende göterildi. Biziň ata-babalarymyz geçmişde kämil gymmatlyklaryň ençemesini döredipdirler. Türkmen aty, nepis halysy, dutary, şaý sepleri, alabaý iti, bularyň hemmesi-de halkymyzyň döreden maddy gymmatlyklary bolup, dünýäde deňi-taýy ýokdur. Türkmen bedewi dünýäde hiç wagt ýitip gitmejek maddy we ruhy gymmatlykdyr. Il halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolup durýar.
«Türkmen bedewi türkmen ruhynyň bitewüligidir. At türkmen ruhunyň ylahylygydyr» diýip belleýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu beýik, kämil sungat eserine çalymdaş gymmatlygy öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly eserleri türkmeniň behişdi bedewine bolan buýsanjyna, soňlanmajak söýgüsine göz ýetirmäge ýakyndan ýardam edýär.
Türkmeniň behişdi bedewi. Türkmen ony hemişe özüne ýoldaş, syrdaş edinipdir. Sebäbi içki duýgularyňy gözüňden aňýan, ýüzüne mähir bilen bakanyňda ol hem mähir bilen jogap berýän bedewi näçe taryplasaňam söz bilen beýan ederden ejiz gelinýän wagtlary az bolanok. Belki, şeýle bolansoň behişde bedewler baradaky rowaýatlar, ertekiler asyrlaryň jümmüşinden aşyp, biziň günlerimize gelip ýetendir.
Her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanyp, gözelligi, ajaýyplygy, asyllylygy boýunça taý gelmejek asman atlara bagyşlanyp, dünýäniň ahalteke atşynaslarynyň ylmy binýadynyň ösüşleri barada maslahatyň geçirilmegi, halkara sergi-ýarmarkalarynyň guralmagy, atlaryň we olaryň esbaplarynyň, şaý-sepleriniň gözellik baýramçylygynyň geçirilmegi ýyl-ýyldan giň gerim alyp däbe öwrülýär. Bu çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanda ýelden ýüwrük bedewlere türkmen halkynyň söýgüsiniň bimöçberdigini dünýä ýüzüne subut edýär.
Şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen atlarynyň waspyny şeýle taryplaýar;
Şat günüňde şatdyr ol,
Toýda şöhratyň bolar.
Magşar güni aglanlaň,
Birisi atyň bolar.
Hawa, at bilen adamyň tebigaty birmeňzeşdir. Adamy dilinden tanarlar, aty daşky görnüşinden. Gözel behişdi atlarymyzyň tarypy «Görogly» şadessanynda inçelik bilen ýetirilýär. Türkmen bedewleri gadymy döwürlerden bäri dünýä ýüzünde uly meşhurlyk gazanyp gelýärler. Olar Halkara ýaryşlaryna, ýörişlerine gatnaşdyrylypdyr. Türkmen tebigaty şeýle bir gözel, şeýle bir täsin. Bu gudratlar bedew atlara-da öz täsirini ýetiripdir. Olaryň melewşe, ak, gara, sarymtyl reňkleri, atlaryň endamyna öwüşgin çaýýar, säher şapagynyň şuglasyny göz öňünde janlandyrýar. Dünýäniň atşynaslary ahalteke atlarynyň owadanlygyny, beýle atlaryň dünýäniň hiç ýerinde ýokdugyny belleýärler. Atlara dakylýan atlar hem özlerine gelşip dur. Ak han, Aý han, Melewşe, Şöhratly, Ýanardag we başgalar. Türkmen özüniň bedewlerini uçar ganaty saýýarlar. Atlary ösdürüp ýetişdirmek, olara degerli ideg etmek türkmeniň ganyna siňen häsiýetleriň biri. Taryhymyza göz aýlasak meşhur atşynaslarymyz behişdi bedewlerimizi dünýä ýaýmakda uly işler bitiripdirler. Türkmen atynyň üstüni diňe bir ýigitlerimiz däl eýsem milli gahrymanlarymyz Radaguna, Banuçeçek, Tumar şa ýaly zenanlarymyz hem at üstüne çykyp, duşmana gaýtawul beripdirler. Häzirki döwürde at üstüne çykyp, dürli milli oýunlary ýerine ýetirýän gyzlarymyz hem az däl. At bilen bagryny badaşdyrýanlary wasp etmek hem gyzykly.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her welaýatyň merkezinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyzyň gelşiginiň bedewlerimiz bolmagy-da döwletimiziň atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini görkezýär. Atçylyk ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgini müdimileşdiren ebedi sungatdyr.
Watanyň şanyna şan, abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşup, onuň adyny külli äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris!
Aýbibi Baýnazarowa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.