Ýurdumyzyň ulag ulgamynda iň iri we möhüm taslamalarynyň biri hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoludyr. Bu ägirt taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýollaryň hilini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitara ykdysady gatnaşyklary has-da berkitmäge niýetlenendir. Geçen ýyllarda bu ýoluň Aşgabat — Tejen we Tejen — Mary bölekleriniň açylmagy ýük gatnawlarynyň wagtyny tygşytlamaga we üstaşyr gatnawlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu döwrebap ýoluň «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýagny türkmen telekeçileri tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda gurlup, häzirki zaman «akylly» dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň, ýagny Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy buýsançly waka öwrüldi. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylmagynyň aýdyň nusgasy bolan bu ýol ýurdumyzyň sebitleriniň arasyny has-da ýakynlaşdyryp, senagat zolaklaryny bitewi ykdysady giňişlige birikdirmäge kömek eder.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagy üçin döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde türkmen telekeçileri ägirt taslamalary işe girizmäge ukyplydygyny tassyklaýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan amala aşyrylýan taslamalar ýerli gurluşykçylaryň tejribesiniň we mümkinçilikleriniň barha artýandygyny görkezýär.
Sebitleri we yklymlary biri-biri bilen baglanyşdyrýan ýollary gurmak, döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek arkaly durnukly ösüş gazanmaga goşant goşmak hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň hatarynda durýar.
Jemläp aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Ýewraziýa yklymynda möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistany iri halkara üstaşyr geçiriji döwlete öwürmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. ХХIasyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmek ugrunda gurulýan täze polat ýollar halklary abadan durmuşa alyp barýar. Olar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ýakyn goňşularymyz, dünýäniň alysdaky halklary bilen dostdoganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem ýardam edýär. Şundan ugur alsak, Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň logistika ulgamyny kämilleşdirmek, işewürligi diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde örän uly ähmiýete eýe bolar.
Halk bähbitli, il ähmiýetli şeýle uly taslamalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.