Bedew baýramy türkmen halkynyň iň gadymy we baý many-mazmunly baýramlaryň biridir. Bu baýram her ýylyň bahar paslynda bellenilip, türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerine bolan hormatyň we söýgüniň nyşany höküminde giňden dabaralanýar. Bedew baýramy diňe bir atçylyk bilen baglanşykly çäre bolman, eýsem türkmen halkynyň medeniýetini, taryhyny we däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bedewi iň ýakyn dosty we ygtybarly ýoldaşy hasaplapdyr. Bedewler türkmenleriň durmuşda ulag serişdesi, söweş gurallarynyň biri we sportyň esasy görnüşleriniň biri bolup hyzmat edipdir. Ahalteke bedewleri özleriniň owadanlygy, çydamlylygy, tizligi we akyllylygy bilen dünýäde tanalýar. Şonuň üçin hem türkmen halky bedewi diňe ulag höküminde däl, eýsem milli baýlygy we buýsanjy höküminde gorap saklap gelýär. Bedewlere bolan söýgi türkmen halkynyň halk döredijiliginde hem giň orun alypdyr. Köp sanly dessanlarda, rowaýatlarda we nakyllarda bedewiň we onuň eýesiniň arasynda aýratyn gatnaşygyň bardygy beýan edilýär. Bedew türkmen ýigitleriniň edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň we namysynyň nyşany höküminde görkezilýär.
Bedew baýramy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimde uly dabaralar bilen bellenilýär. Bu baýramyň çäklerinde dürli medeni we sport çäreleri guralýar. At çapyşyklary, bedewleriň gözelligi boýunça bäsleşikler, milli oýunlar we sergiler baýramyň esasy bölekleriň biridir. Şeýle hem atçylyk sungatyna bagyşlanan dabaralar, sergiler we ylmy maslahatlar geçirilýär. Geçirilýän gözellik we sungat bäsleşiklerinde şeýle-de at çapyşyklarda ýeňiji bolanlara Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýy gowşurylýar.
Bedew baýramy ýaş nesil watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu baýram arkaly ýaşlar öz milli gymmatlyklaryny, taryhyny we medeniýetini has çuňňur öwrenýärler. Bedewlere ideg etmek, olary gorap saklamak we ösdürmek baradaky düşünjeler ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Şeýle hem ýaşlaryň arasynda atçylyk sportuna bolan höwes artýar. Bu bolsa geljekde ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösüşine oňyn täsir edýär. Bedew baýramy ýaş nesliň milli buýsanjyny ýokarlandyrmaga we olaryň öz halkynyň baý mirasyna bolan hormatyna güýçlendirmäge hyzmat edýär.
Bedew baýramy türkmen halkynyň milli baýlygyny, taryhyny we medeniýetini görkezýän baýramlaryň biridir. Bu baýram türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde tanalmagyna, milli däplerimiziň dowam etdirilmegine we ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine uly goşant goşýar. Bedew baýramy diňe bir baýramçylyk bolman, eýsem türkmen halkynyň milli buýsanjynyň we ruhy baýlygynyň nyşanydyr.
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.