Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMEN IŞEWÜRLERI «TURKMENTRAVEL — 2026» ATLY HALKARA FORUMDA MÜMKINÇILIKLERINI TANYŞDYRÝARLAR

Täze taryhy döwürde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär. Ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň giňeldilmegi, döwrebap şertleri özünde jemleýän dynç alyş we myhmanhana toplumlarynyň döredilmegi, milli syýahatçylyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda türkmen telekeçileri tarapyndan hem netijeli işler alnyp barylýar.

14-nji aprelde paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzdan we daşary döwletlerden syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan 70-e golaý kompaniýa sergi diwarlyklary bilen gatnaşýar. Bu forum Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň iň geljegi uly syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülýändigini aýdyň görkezýär.

Ir bilen halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň işine başlamagy mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňünde aýdym-sazly dabara ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşdy. Soňra myhmanlar sergi zaly bilen tanyşdylar. 

Söwda-senagat edarasynyň zalynda ýokary tehnologiýalar bilen gadymy däp-dessurlar utgaşýar. Bu ýerde ýerleşdirilen uly ekranlarda Garagum sährasynyň täsin tebigaty, dag etekleriniň jülgeleriniň şekilleri janlanýar. Sergi zalyndaky uly monitorlarda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekiller görkezilýär. Häzirki döwürde tutuş dünýäde syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkymyzyň özboluşly milli däpleri, şäherleriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi dünýä jahankeşdelerinde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyny, dünýäniň syýahatçylyk bazarynda möhüm orun eýelemegini şertlendirýär.

Maslahata gatnaşyjylar milli tagamlardan dadyp görüp, halyçy gelin-gyzlaryň çeper döredijiligine tomaşa edýärler. Forumyň esasy üns merkezinde döwlet derejesindäki taslamalar bilen bir hatarda, hususy pudagyň başlangyçlary sazlaşýar. Ýerli syýahatçylyk kärhanalary we telekeçiler dynç alşyň täze görnüşlerini — Garagum sährasy boýunça amatly gezelençlerden başlap, syýahatçynyň oba durmuşyna we medeniýetine doly aralaşyp biljek dag obalaryndaky hakyky myhman öýlerine çenli bolan hyzmatlary işjeň hödürleýärler.

Serginiň ekspozisiýasynda ÝUNESKO-nyň mirasyna girýän gymmatlyklar — Gadymy Nusaý, Merw we Köneürgenç aýratyn orun tutýar. Olar häzirki wagtda giň gerimli halkara taslamalaryna birleşdirilýär. Türkmenistan häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň serhetüsti ugurlarynyň esasy halkasy hökmünde çykyş edýär. Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde bitewi syýahatçylyk ugurlaryny döretmek we wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy daşary ýurtly myhmanlara Mawerannahryň we Horezmiň gadymy ýadygärlikleriniň arasynda bökdençsiz syýahat etmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalary taryhy ýerlere guraýan syýahatlary bilen jahankeşdeleriň Diýarymyzda bolýan pursatlaryny ýatdan çykmajak ýatlama öwürmek ugrunda tagalla edýärler. Bu ugurda «Naýbaşy syýahat», «Oguz travel», «Orbita», «Hasyl tour», «Hazar merjeni», «Ak ýol syýahat» ýaly hususy düzümleriň işini bellemek bolar. Sergide türkmen işewürleriniň diwarlyklary ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni çekdi.

Günüň ikinji ýarymynda geçirilen halkara maslahatda daşary ýurtly kompaniýalaryňdyr guramalaryň wekilleri bilen birlikde, türkmen işewürleriniň hem birnäçesi çykyş edip, syýahatçylyk pudagynda gazanan tejribelerini paýlaşdylar, bu ulgamy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly pikirlerini beýan etdiler. 

Şeýlelikde, sergi sebitiň täze keşbiniň jemlenýän nokadyna öwrülýär. Bu ýerde Köýtendagyň dinozawrlarynyň yzlary ýaly täsin tebigy hadysalar we çuňňur taryhy miras häzirki zaman düzümleri hem-de hususy telekeçiligiň işjeňligi bilen goldanylyp, Merkezi Aziýanyň bitewi myhmansöýer giňişligini döredýär.

Gadymy Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolan ata Watanymyz Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Guwanç BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň umumy bölüminiň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.